2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Enä tagzym-mukaddeslige tagzym

2022-nji, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 05-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlaryň we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda Mähriban Arkadagymyzyň ýiti pähiminden joşup çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda, “Ene-döwletlilik” atly bäsiligiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden Mähriban Arkadagymyzyň ýiti pähiminden joşup çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda, “Ene-döwletlilik” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolanlar gatnaşyp, onda Mary welaýatyndan Nuryýewa Gülälek we Gurdowa Sona Baş baýraga, Balkan welaýatyndan Balgulyýewa Sülgün we Ýagşygulyýewa Aky 1-nji orna, Aşgabat şäherinden Durdyýewa Merjen we Muhammedowa Akjagül, şeýle hem Daşoguz welaýatyndan Ýollaewa Näzik we Ýowwyýewa Dünýägözel 2-nji orna, Ahal welaýatyndan Pasulowa Bahargül we Kakalyýewa Aýgül, şeýle hem Lebap welaýatyndan Babanazarowa Dursun we Seýdalyýewa Maýa 3-nji orna mynasyp boldylar. Bäsleşikde çykyş edenler öz halkyny eşretli günlerde ýaşamagy üçin asylly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm