2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MERTEBE MUKADDESLIGINIŇ BEÝANY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň guramagynda gyz-gelinleriň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksadynda, welaýatymyzyň çar künjeginde maslahatlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.

Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasy Aýgözel Öwezowa, Mejlisiň deputaty Gurbangül Baýramowa, TZB-niň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri Enemjan Orazowa we beýlekiler çykyş edip, ýurdumyzda täze döwrüň täze tutumlary barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Döwletimizi, döwrümizi beýgeldýän, jemgyýetçilik ösüşini pugtalandyrýan işleriň hatarynda milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini gorap saklamagyň, edep-terbiýe kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmagyň, işjeň durmuşa geçirmegiň şu günki günümiziň talaby hem-de zenanlaryň öňünde mukaddes borç bolup durýandygy dogrusynda täsirli söhbet edildi.

Şeýle mazmundaky maslahat S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altyn ýol geňeşligindäki oba medeniýet öýünde hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda türkmen zenanlarynyň dünýä ýüzüne meşhurlygynyň olaryň asylly häsiýetleriniň, maşgala ojagyna wepalylygynyň, gadymy däp-dessurlarymyzy, milli ýörelgelerimizi dowam etdirýändikleriniň, gaýtalanmajak sungat eserleri hökmünde giň jahana dolan milli el işleriniň üsti bilen ýaýrandygy babatynda täsirli gürrüňler bilen beýan edildi. Milli gymmatlyklarymyzyň bu ugurlarynyň zenan maşgalada asylly häsiýetleri terbiýelemek bilen bir hatarda, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, agzybirligini pugtalandyrmak, maşgala agzalarynyň arasynda birek-birege hormaty artdyrmak ýaly asylly ýörelgelere hem gönüden-göni täsirini ýetirýändigi barada nygtalyp geçildi. Ýaşlaryň arasynda şeýle mowzukdaky maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ýokary netijeleri berýändigi we onuň döwrüň ruhuna laýyk gelýändigi täsirli gürrüňlere ýugrulyp beýan edildi.

Maslahatlarda döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ýagty geljeginiň hatyrasyna belent maksatlary baýdak edinip, halkymyzy ösüşiň täze menzillerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Gözel SEÝIDOWA,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm