2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Maşgalam — mukaddes, mertebäm — belent

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň guramagynda wagyz- -nesihat maslahaty geçirildi. Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynyň işgärleri, eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmeniň milli däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda maşgala mukaddesligine goýulýan hormat-sarpa, maşgala we çaga terbiýesi, olaryň saglygyny we hukuklaryny goramak barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Türkmen zenany tutuş taryhyň dowamynda özüniň wepadarlygy, geçirimliligi, mähremligi bilen nusgalyk yz galdyrypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik özgerişlikleri amala aşyrmaklyga zenanlar öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda aýal-gyzlara uly hormat-sarpa goýlup, eneligi we çagalygy goldamaga, maşgalany goramaga uly üns berilýär. Maşgalanyň terbiýeçilik mümkinçiliklerine, hemmetaraplaýyn ösüşine düşünmek, çagalaryň we ene- -atalaryň ýaşaýşy, aýal-gyzlar babatda deňhukuklylygy üpjün etmek kanunçylyk ulgamynda öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklardaky ösüşlere mynasyp goşantlaryny goşýan zenanlaryň jemgyýetimizde tutýan ornuna ýokary baha berilýär. Sebäbi zenan haýsy kärde zähmet çekse-de, özüniň enelik, maşgala ojagyny goramak, perzentlerini kemally adamlar edip ýetişdirmek ýaly borçlaryna wepalydyr.

Wagyz-nesihat maslahatynyň dowamynda şular dogrusynda gürrüň edilip, enelere, zenanlara goýýan uly hormat-sarpasy üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Maslahatdan soňra welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de şäherdäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň guran amaly- -haşam, surat we el işleriniň sergilerine syn edildi.

Şeýle maslahatlar welaýatymyzyň beýleki etrap-şäherlerinde hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.

Nursoltan Dep­bi­ýe­wa,

Balkan” gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm