Gyz edebi-gyzyl gül

2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus tebygy gözelliklerini gorap, aýap saklamaklaryny maksat edinip “Gyz edebi-gyzyl gül” atly wagyz-nesyhat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň “Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!” diýen şygaryndan ugur alyp, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini gorap saklamak we bu gymmatlyklarymyzy buýsanç bilen geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus tebygy gözelliklerini gorap, aýap saklamaklaryny maksat edinip “Gyz edebi-gyzyl gül” atly wagyz-nesyhat çäresi geçirildi.

Bu Çärä gatnaşan Eneler Ogulnabat Owlakowa. Bibigözel Mämmedowa. Nartäç Muhammetnazarowadagylar çäräniň dowamynda türkmen gyzlaryna mahsus endikleriň üstünde aýratyn durup geçdi. Çärede çykyş eden edara-kärhanalaryň wekilleri geljekde türkmeniň mukaddes, asly halal maşgalasyny kemala getirmekde ýetginjek gyzlaryň tutýan orny barada giňişleýin, manyly, gyzykly gürrüňler berdiler we talyp gyzlaryň birnäçe sowallaryna türkmen zenanlarynyň özlerine endik edinmeli asylly, agras gylyk häsiýetleri bilen baglanşykly jogap berdiler. Bu geçirlen wagyz-nesyhat çäräniň dowamynda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna döretmäge, gurmaga, joşgunly zähmet çekmäge, milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açýan Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm