2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Bagtyýar durmuşyň belent sepgitleri

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň mejlisler jaýynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Bagtyýar durmuşyň belent sepgitleri” atly maslahat geçirildi.

Ata Watanymyza söýgini, şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günümize guwanjy, geljegimize ynamy döredýän medeni mirasymyzy — maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, dost-doganlygy dabaralandyrýan belent ynsanperwerlik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek bilen, gelin – gyzlarymyz bugün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, edil şonuň ýaly oba hojalyk pudagynda-da, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde hem yhlasly zähmet çekýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň bähbidine tutumly işleri durmuşa geçirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýan şeýle ajaýyp günlerinde Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini, milliligimizi dabaralandyrmak we wagyz-ündew işlerini güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Bagtyýar durmuşyň belent sepgitleri” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar we dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlaryň birnäçesi gatnaşyp sorag-ogap alyşdylar.

Maslahaty ak gyňaçly ene açyp, onda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Kiçikulowa Şemşat, Türkmen döwlet Maliýe institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bägül Mätiýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Zybagözel Nepesowa çykyş etdiler.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumyzyň abraýynyň has-da ýokary derejelere alyp barmak ugrunda edýän işleri baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm