2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Halkyň Arkadagly zamanasy saglygyň girewidir

2022-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda lukman gelin- gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus häsiýetleri özlerine tug edinmeklerini maksat edinip “Halkyň Arkadagly zamanasy saglygyň girewidir” atly wagyz-nesyhat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilşi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Ata-babalarymyzyň “Bar zadyň sakasy - saglyk”, “Saglygym - begligim” diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berýäs diýen parasatly sözlerine eýerip Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň ilkinji zenanlar guramasy bilelikde lukman gelin- gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus häsiýetleri özlerine tug edinmeklerini maksat edinip “Halkyň Arkadagly zamanasy saglygyň girewidir” atly wagyz-nesyhat çäresini geçirdiler.

Bu Çärä gatnaşan Aşgabat şäheriniň dürli saglyk öýlerinden gelip çykyş eden lukmanlar çäräniň dowamynda türkmen gyzlaryna mahsus endik, häsiýetleri saglyk bilen baglanşykly wajyp gürrüňler bilen utgaşdyryp aýratyn bellediler. Bu geçirlen wagyz-nesyhat çäräniň dowamynda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna döretmäge, gurmaga, joşgunly zähmet çekmäge, milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açýan Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.

 

 

Öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm