2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Ahlak päkligi – ynsan bezegi

2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gelin-gyzlary milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgesini, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen “Ahlak päkligi – ynsan bezegi” atly çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň “Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!” diýen şygaryndan ugur alyp, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini gorap saklamak we bu gymmatlyklarymyzy buýsanç bilen geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Aprel aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gelin-gyzlary milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgesini, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen “Ahlak päkligi – ynsan bezegi” atly wagyz nesihat duşuşygy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bu Çärä gatnaşan ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar çäräniň dowamynda türkmen gyzlaryna mahsus endikleriň üstünde aýratyn durup geçdi. Çärede çykyş eden edara-kärhanalaryň wekilleri geljekde türkmeniň mukaddes, asly halal maşgalasyny kemala getirmekde ýetginjek gyzlaryň tutýan orny barada giňişleýin, manyly, gyzykly gürrüňler berdiler we talyp gyzlaryň birnäçe sowallaryna türkmen zenanlarynyň özlerine endik edinmeli asylly, agras gylyk häsiýetleri bilen baglanşykly jogap berdiler. Bu geçirlen wagyz-nesyhat çäräniň dowamynda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna döretmäge, gurmaga, joşgunly zähmet çekmäge, milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açýan Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.

 

 

Öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm