2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Edep bilen bagt tapylýar, sabyr bilen tagt

HABARLAR

 

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda agras gylyk, häsiýete mynasyp bolup, gelin-gyzlara mahsus tebigy gözelliklerini aýap saklamaklaryny maksat edinip “Edep bilen bagt tapylýar, sabyr bilen tagt” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň “Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!” diýen şygaryndan ugur alyp, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini gorap saklamak we bu gymmatlyklarymyzy buýsanç bilen geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus tebigy gözelliklerini gorap, aýap saklamaklaryny maksat edinip “Edep bilen bagt tapylýar, sabyr bilen tagt” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu maslahatyň dowamynda çykyş eden hormatly ýaşyuly eneler, beýleki pudaklardan gatnaşan birnäçe Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary ýaşlary milli äheňde terbiýelenmeginiň döwlet syýasatynda wajyp ähmiýete eýedigini bellediler. Bu babatda geçirilýän dabaraly çärelere, wagyz işlerine işjeň gatnaşyp, milliligimizi ösdürmekde, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamakda, maddy we ruhy gymmatlyklaryny goramak, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiziň soňsyz baýlykdygyny aýratyn bellediler. Duşuşygyň ahyrynda okamana, öwrenmäne giň ýol açýan Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.

 

Ýörite habarçymyz.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm