2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Tamdyr — döwletliligiň gözbaşy

Halkymyzyň ata-babalardan, ene-mamalardan dowam edip gelýän ýaşaýyş-durmuş gymmatlyklary bar. Öý, ojak, tamdyr ýaly mukaddeslikler bu gymmatlyklaryň gözbaşynda durýar.

Tamdyr türkmen öýüniň, türkmen ojagynyň döwletliliginiň özenidir. Şol sebäpli tamdyry gurmaga özboluşly çemeleşilýär. Kalby ýagşy niýetlerden doly ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tamdyr gurmaga sähetli gün girişip, ilki bilen, onuň ýerini tegeläp çyzypdyr. Soňra şol çyzgy esasynda tamdyry gurup başlapdyrlar.

Tamdyryň bişen kerpiçden örülip, daşy toprakdan we köne saman garylyp taýýarlanýan laý bilen suwalýan görnüşi hem, tutuşlygyna eýlenen şykgy toýundan gurulýan görnüşi hem bar. Ony zenanlar üýşüp gurýarlar ýa-da ýörite tamdyr ussasy bolan erkek adamlar tarapyndan gurulýar.

Tamdyryň tegelek bolmagy üçin, ilki tamdyryň içiniň merkezi bellenilýär. Soňra ýarym gulaç ýüpi alyp, şonuň bilen bellenen merkezden töwerekleýin tegelek çyzyk aýlap çykýarlar. Ondan soň tegeläp, kerpiç örülip başlanýar. Kerpiçleriň arasyna guýuljak laýyň gowy eýlenen şykgy toýundan bolmagyna üns berilýär. Bu çörekleriň arkasyna kesek ýapyşmazlygy üçin zerurdyr.

Kerpiçler örüldigiçe, tamdyryň diwarlary egilip, agzy daralyp başlaýar. Tamdyryň agzyna golaýlanda has-da daraldylýar. Tamdyryň agzyna eýlenen şykgy toýundan bilekse edilýär. Ol tegelek halka görnüşde bolýar. Ondan soň saman goşulyp eýlenen hem-de birki gün goýlan laý bilen tamdyryň içi we daşy suwalýar.

Tamdyr şykgy toýundan taýýarlananda laý gowy edilip eýlenip, üsti basyrylyp goýulýar. Taýýar bolansoň, ol bilek ýaly edilip togalanýar we olardan tegelek görnüşde tamdyryň örümleri örülýär. Bu hili gurlanda, tamdyryň birnäçe örümi örülenden soň, ol gurap gataýança goýulýar. Şonda üstüne ýagyn ýagyp zaýalanmazlygy we içine hapa düşmezligi üçin olaryň üsti halta ýa-da beýleki zatlar bilen basyrylýar. Şeýlelikde şykgy toýundan tamdyry gurmak birnäçe güne çekip bilýär. Ýöne ol berk bolýar we onda çörek bişirilende arkasy keseksiz bolýar.

Tamdyryň şemal çekip, içine salnan odunyň çalt we aňsat ýanmagy üçin oňa körük goýulýar. Şeýle-de ýagşy ynançlar esasynda tamdyryň ýüzüne öz laýyndan goçak nagşy salynýar.

Tamdyr doly gurlup, içi-daşy suwalandan soň, oňa ot goýberip, tä tamdyr agarýança gyzdyrylýar. Tamdyryň içi agarandan soň, onuň içki diwarynyň ýüzüne şerebe sepilýär. Çörekler arkasy keseksiz bişer ýaly, tamdyryň içiniň arassa esgi bölegi bilen mazaly süpürilip çykylýan halatlary hem bolýar. Şonda esgä biraz pagta ýagy siňdirilse, tamdyryň içi has-da ýylmanýar. Soňra tamdyr täzeden gyzdyrylyp, oňa petir çörek ýapylýar. Halk arasynda: «Petir çörek gordan gorkmaz» diýen pähimli jümle bar. Munuň özi ilkinji gezek has gaty gyzdyrylan tamdyra hamyrmaýaly çörek ýapyp bolmaýanlygy, onuň ýanmak mümkinçiliginiň barlygy bilen bagly aýdylan sözdür. Täze tamdyrda bişen ilkinji çörekden goňşy-golamlara paýlanýar.

Türkmen zenany hemişe tamdyrynyň, ojagynyň suwalgy, gelşikli, abat bolmagy üçin alada edipdir. Tamdyrdyr ojagyň tekiz, ýylmanak suwalgy bolmagy öýüň zenan maşgalasynyň eliniň işe çulumdygyny aňladypdyr. Şol sebäpli gudaçylyga gelnen öýüň içi-daşy bilen birlikde, ojakdyr tamdyryna eýeçilik gözi bilen çemeleşilişine hem syn edilipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän milli mirasy çuňňur öwrenilip, şonuň esasynda ösüp gelýän ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Mirasymyza belent sarpa goýýan, halkymyzyň mundan beýläk-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.

Mamagül TAGANOWA,
TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm