2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Gyz gözelligi edebindedir

Şeýle at bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahat bolup geçdi. Talyp gelin-gyzlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmek, maşgala binýadynyň berkliginde, çaga terbiýesinde enäniň orny, ahlak terbiýesi, gelin-gyzlaryň erkana ýaşamagy, işlemegi, bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin döredilýän şertler dogrusynda gürrüň edildi.

Ýaş gyzlaryň edep-terbiýesinde ene-mamalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgeleri uly mekdepdir. Olaryň uz barmaklarynyň gudraty bilen dörän çeper el işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär, kämil, döwrebap görnüşde nesilden-nesle geçirilýär, gaýtalanmajak gözelligi dünýä ýaýylýar. Döredijiligi, başarnygy, kanagatlylygy, sabyr-takady talap edýän çeper el işleriniň ýaş gyzlaryň terbiýesinde ähmiýeti örän uludyr. Bular barada edilen gürrüňler talyp gelin-gyzlarda uly täsir galdyrdy.

Maslahatyň dowamynda uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazy” medeni merkeziniň aýdymçylarynyň, folklor toparynyň ajaýyp zamanamyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edip aýdan aýdymlary, halk döredijiliginden ýerine ýetirilen parçalar has-da şowhunly boldy. Maslahat bilen ugurdaş gurnalan milli amaly-haşam sungatynyň sergisi talyp gelin-gyzlaryň medeni mirasymyz, milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşmagyna giň mümkinçilik döretdi.

«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm