2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MIL­LI­LI­GE SAR­PA

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy
döw­rün­de türk­men döw­le­ti­niň mi­ze­mez esas­la­ryny ber­kit­mek­de, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri kä­mil­leşdir­mek­de, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry
öňe sür­mek­de, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş
ýö­rel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de giň göw­rüm­li çäre­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da,
türk­men maş­ga­la­sy­nyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni
we berk­li­gi­ni ga­zan­mak­da, şeý­le hem ça­ga­la­ryň
do­ly maş­ga­la­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ni üp­jün et­mekde yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­niň
äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň
gu­ra­ma­gyn­da Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň
ag­za­la­ry­nyň, Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, Türk­menis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­ti­niň,
Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly
adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyňwe beý­le­ki jem­gy­ýetçi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­rin­den yba­rat dü­züm­de
dö­re­di­len iş to­pa­ry­nyň ýer­ler­de bo­lup, ge­lin-gyz­laryň ara­syn­da ge­çi­ren wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri hem bu
ugur­da äh­mi­ýet­li bol­dy.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň et­rap­la­ryn­da hem-de Te­jen
şä­he­rin­de ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry
ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li
ugur­la­ryn­da, bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş we
beý­le­ki ul­gam­lar­da zäh­met çek­ýän ge­lin-gyz­la­ryň
gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­lendu­şu­şyk­lar­da ýur­du­myz­da
dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk­na­ma­lar,
maş­ga­la ag­zy­bir­li­gi, ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­rap
sak­la­mak, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý etmek bo­ýun­ça gür­rüň edil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň maş­ga­la gat­na­şykla­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek, onuň hu­kuk
esas­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, jem­gy­ýet­çi­lik
pi­ki­ri­ni öw­re­nip, Türk­me­nis­ta­nyň Maş­ga­la ko­deksi­ne hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na esas­lan­ýan de­giş­li
üýt­get­me­le­ri gi­riz­me­giň dog­ry bol­jak­dy­gy ba­ra­da
aý­dan­la­ryn­dan ugur al­nyp, maş­ga­la hu­kuk gat­naşyk­la­ryň ka­da­laş­dy­ryl­ma­gy, go­ral­ma­gy ba­ba­tyn­da
ka­bul edil­ýän döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da göz
öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­le­ri dur­mu­şa
ge­çir­mekwe ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ka­nunçy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe
bo­lup dur­ýar. Döw­le­ti­miz­de he­re­ket ed­ýän Türkme­nis­ta­nyň Maş­ga­la ko­dek­si­niň 3-nji mad­da­syn­da
maş­ga­la­ny, ene­li­gi, ata­ly­gy we ça­ga­ly­gy go­ra­ma­gyň
döw­let ke­pil­lik­le­ri­niň bel­le­nil­me­gi, maş­ga­la­nyň
yk­dy­sa­dy taý­dan öz­baş­dak­ly­gy­nyň we onuň äh­li
ag­za­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy üçin
şert­le­riň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň maş­ga­la kanun­çy­ly­gy­nyň mak­sa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da
bel­le­nil­me­gi ýur­du­myz­da maş­ga­la hu­kuk gat­naşyk­la­ry­nyň ka­nun ar­ka­ly ke­pil­len­di­ril­ýän­di­gi­niň
aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ka­da maş­ga­la­da är-aýal,
ni­ka, em­läk gat­na­şyk­la­ry­nyň ka­da­laş­dy­ry­ly­şy­nyň,
ça­ga­nyň er­kin ösü­şi­niň, ter­bi­ýe­le­ni­şi­niň, dur­muş
go­rag­ly­ly­gy­nyň, ze­rur ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň do­ly göz
öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Jem­gy­ýe­tiň gym­ma­ty nä­hi­li ne­sil ýe­tiş­di­ren­di­gi
bi­lenöl­çel­ýär,is­len­dik ada­myňöz ça­ga­la­ry­nyňkä­mil,
ylym­ly-dü­şün­je­li bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da çal­şy­şy
ýa­ly, is­len­dik jem­gy­ýet hem ýaş ne­sil­le­riň öň­den
bar bo­lan gym­mat­lyk­la­ra my­na­syp eýe çyk­ma­gy we
ola­ry öz ga­za­nan­la­ry bi­len baý­laş­dy­ryp, öňe iler­letme­gi ug­run­da ça­lyş­ýar. Geç­mi­şi­mi­zi hor­mat­la­mak,
ene-ma­ma­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne eýer­mek, mil­li
ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy çuň­ňur öw­ren­mek, nesil­den-nes­le ge­çir­mek we baý­laş­dyr­mak hem baş
ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir. Ol ýö­rel­ge adam­lar­da yl­ma,
bi­li­me, hü­när­men­li­ge,tä­ze­çepi­kir­le­ni­şe,dö­re­di­ji­li­ge
bo­lan uky­by we ba­şar­ny­gy gol­da­mak baş­lan­gyçla­ryn­dan ugur al­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň,
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za
eýe çy­kyp, dö­re­di­ji­li­ge ukyp­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek
ba­ra­da­ky gym­mat­ly tag­ly­mat­la­ry he­mi­şe wa­jyp­dyr.
Ýur­du­myz­dabo­lupge­çenwebol­ýanöz­gert­me­ler ataba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny
dö­re­di­ji­lik­li ös­dür­mek bi­len, ça­ga­la­ry­my­zyň, ag­tykçow­luk­la­ry­my­zyňbag­ty­ýardur­mu­şy­nyňha­ty­ra­sy­na
ba­dal­ga ber­len be­ýik iş­le­riň be­ýa­ny­dyr.
Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­mynyň Gal­ky­ny­şy
döw­rün­de maş­ga­la mu­kad­des­li­gi­ne, hal­ky­my­zyň
öý-ojak gym­mat­lyk­la­ry­na, yn­san­per­wer ýö­rel­gele­ri­ne, mäh­ri­ban ze­nan­la­ry­my­za bo­lan çuň­ňur
sar­pa­sy, ýaş nes­liň bag­ty­ýar hem eş­ret­li dur­muşda ýa­şa­ma­gy, ylym­ly-bi­lim­li ne­sil­ler bo­lup ýe­tişme­gi, ene-ma­ma­la­ry­myz­dan do­wam edip gel­ýän
mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň, aja­ýyp wa­tan­çy­lyk
ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň my­na­syp do­wam et­di­ril­megi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly
­Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň
ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny tüýs
ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň halkara meseleler
baradaky komitetiniň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm