2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ÝÜPEKÇI ZENANYŇ YHLASY

Ýurdumyzda gymmatly çig mal bolan pile öndürmek işi, ýüpekçilik döwrebap derejede ösdürilýär. Her ýyl Watanymyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýärler.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garahowuz geňeşliginiň ýüpekçisi hem-de kärendeçisi Dowlat Soýunowa welaýatda ilkinji bolup, Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyrdy. Dowlat Soýunowa ýaşlygyndan pagta ýygyp, suw tutup, her ýyl ýüpek gurçugyny idedýär. Ol indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri gowaça ekip, ýüpek gurçugyny idedip, ilkinjileriň hatarynda yhlas edip, Watanymyzyň kümüş çäjine öz goşandyny goşup gelýär. Yhlasly zenan ýokary hilli we bol pile hasylyny almak üçin öz kärende ýeriniň gyralaryna tut nahallaryny ekip ýetişdirýär. Tejribeli ýüpekçilerden bol hasyl almagyň inçe syrlaryny öwrenendigi üçin ýüpek gurçuklarynyň iýmit üpjünçiliginde bökdençlik döränok. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde ussatlyga ýeten Dowlat daýza ýüpekçilikde gazanan tejribesini çagalaryna öwredip, agtyklary Şanur, Allanur, Pälwan, Emine dagyny hem bu döwletli işe çekýär. 57 ýaşly gaýratly zenan, 4 agtygyň enesi ýaş daýhanlara we ýüpekçilere görelde bolup, ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýakyndan goldaýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini buýsanç bilen beýan edýär.

Ahmet KASYMOW,
TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Bereketli toprak gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm