2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Milli gahrymanlarymyzy ýatlap...

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Ýeňiş güni — bu parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gyzyklanmalary äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýän bu baýramy has-da dabaralandyrýar”.

Hawa, 9-njy maý — Ýeňiş güni ýurdumyzyň ähli künjeginde baýram edilýär. Uruş weteranlary we ýaşulular bilen geçirilýän duşuşyklaryň uly ruhy täsiri bar. Şeýle-de, Ýeňiş gününde weteranlara hem-de urşuň yzynda galan enelere ýadygärlik sowgatlary we güller gowşurylýar.

Şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň Milli gahrymanlaryna bagyşlanyp gurlan ýadygärliklere däp bolan gül goýmak dabaralary bolar. Türkmenistanlylar kalplarynyň töründen çykýan duýgulara eýerip, söweş meýdanlarynda janyny pida eden Watan ogullarynyň ýagty ýadygärligini sarpalaýarlar, çünki, olaryň ýatdan çykmajak söweşjeň we raýatlyk edermenligi parahatçylykly durmuşymyzyň binýadyny goýdy.

 

Hurma BEKOWA.

Mary şäheriniň 1-nji kömekçi mekdep internatynyň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm