2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ÇEPER ELLI ÝAŞLAR

Ýur­du­myz­da ýaş nes­liň ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­myz esa­syn­da bi­lim, ter­bi­ýe al­mak­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şun­da umu­my­bi­lim eda­ra­la­ryn­da he­re­ket ed­ýän gur­nak­la­ryň äh­mi­ýe­ti ýo­ka­ry­dyr. Mek­dep okuw­çy­la­ry bu ýer­de mil­li mi­ra­sy­my­zy, gyz­la­ra, og­lan­la­ra mah­sus bo­lan el iş­le­ri­ni öw­ren­ýär­ler. Ola­ryň in­çe syr­la­ry ba­ra­da dü­şün­je al­ýar­lar. Bu bol­sa ýaş­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­mak­da, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da öw­re­nen mil­li el iş­le­rine kä­mil­leş­ýän ök­de­den-ök­de ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak­ üçin bäs­le­şik­ler yg­lan edil­ýär.

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zi bi­na­syn­da ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän gyz­lar gur­nak­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­ge onuň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan okuw­çy gyz­la­ryň 12-si gat­naş­dy.

Bäs­le­şik dört şert­den yba­rat bo­lup, onuň bi­rin­ji şer­tin­de okuw­çy gyz­lar oka­ýan mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän gyz­lar gur­na­gy­ny şa­hy­ra­na dil­de be­ýan et­di­ler. Ikin­ji şer­te laýyklykda, olar öz ýan­la­ry bi­len ge­ti­ren, gu­tar­ylma­dyk mil­li el iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Şeý­le-de bäs­le­şi­giň üçün­ji şer­tin­de oňa gat­na­şy­jy­lar keş­de we ha­ly na­gyş­la­ry­nyň ta­ry­hyn­dan gür­rüň ber­ýän ga­dy­my ro­wa­ýat­la­ry, yrym­la­ry-ynanç­la­ry, däp-des­sur­la­ry ga­zal­la­ryň, goş­gu­la­ryň, aý­dym­dyr saz­la­ryň üs­ti bi­len beýan etdiler. Bäs­le­şi­giň soň­ky şer­tin­de okuw­çy gyz­lar mek­de­p­de he­re­ket ed­ýän gyz­lar gur­na­gy­nyň işi­ni açyp gör­kez­ýän su­rat­ly al­bom­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

Emin ag­za­la­ry­nyň ge­len ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­de Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 25-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Ogul­ge­rek My­ra­do­wa Baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Şo­nuň ýa­ly-da, Ser­dar et­ra­byn­da­ky 5-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Aý­şa Al­la­my­ra­do­wa I or­na, Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky te­bi­gy we ta­kyk ugur­ly ders­le­ri çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 14-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Me­di­ne Gur­ban­sä­he­do­wa, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni, ta­kyk, te­bi­gy ders­le­ri çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 140-njy or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Gül­näz Jeý­hu­no­wa II or­na my­na­syp gö­rül­di­ler. Bäs­le­şik­de III or­na Ka­ka et­ra­byn­da­ky 10-njy or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Ba­har­gül Ýu­su­po­wa, Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 39-njy or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Ba­har Ju­ma­ýe­wa, Oguzhan et­ra­byn­da­ky 2-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Ogul­jen­net Oraz­ly­ýe­wa eýe bol­du­lar.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň Hor­mat hat­la­ry we Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

 

Ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.

Mugallymlar gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm