2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zenanlara belent sarpa

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň her bir güni ulus-ilimiziň durmuşynda şatlykly we buýsançly wakalara beslenýär. Güneşli Diýarymyzda halkara ähmiýetli çäreleriň guralmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Şeýle çäreleriň hatarynda ýakynda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň geçirilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Bu forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny arşa göterip, halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň işine gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigine örän buýsanýaryn. Ýeri gelende, zenanlaryň dialogynyň Birleşen Milletler Guramasynyň goldamagynda, 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan döredilendigini bellemek gerek. Ol Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzüm bolmak bilen, gender deňligini ilerletmekde, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde, şeýle-de sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has doly açylmagynda bu çäräniň ähmiýetiniň uludygy has-da guwandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenan mertebesi has belende göterildi. Bu gün türkmen jemgyýetinde zenanlar aýratyn orun eýeleýär. Zenanlaryň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda, bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda, dokma senagatynda, hususy pudakda, jemgyýetçilik işlerinde netijeli zähmet çekmegi ugrunda giň şertler döredilýär hem-de nesil terbiýelemegi bilen bagly olara döwlet tarapyndan uly ýeňillikler berilýär. Olaryň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş şertleri döwletiň üns merkezinde bolmak bilen, zenanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzda halkara derejeli forumlaryň üstünlikli geçmegi ugrunda uly tagalla edýändigi, gender deňligine uly ähmiýet gönükdirýändigi, şeýle-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, il-günümize wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mährem zenanlaryň bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berýändigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Baýramsoltan MYRADOWA,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm