2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

El hünäri — zenan dünýäsiniň bezegi

Welaýat kitaphanasynyň hem-de Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň bilelikde guramaklarynda «El hünäri — zenan dünýäsiniň bezegi» atly çäre geçirildi. Oňa bilim, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan zenanlara goýulýan hormat-sarpa, ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde döredilýän mümkinçilikler, türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň hünäri bolan keşdeçilik sungaty barada giňişleýin gürrüň edildi.

Keşdeçilik sungaty barada söhbet edilende, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje nusga alarlykdyr. Ogulabat ejäniň sünnälän kürtesiniň hem-de ören gülli ýüň jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýinde goýulmagy aýdylanlary doly tassyklaýan hakykatdyr. Ene-mamalarymyzdan gelýän çeper ellilik, asyllylyk, mähribanlyk ýaly ýokary adamkärçilik häsiýetlerini özünde jemleýän Ogulabat eje hemmämize nusgalykdyr. Çykyşlarda şular barada nygtalyp, milli gymmatlyklarymyzyň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda hemme şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Täsirli geçen çärede welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary aýdym-sazlarda Watanymyzyň, döwrümiziň, milli keşdeçilik sungatymyzyň waspyny ýetirdiler.

 

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,

«Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm