Şü gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyny, maşgala mukaddesligi we ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygynyň goraglygyny wagyz etmek maksady bilen, “Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň we ösüşiň ýurdy” atly maslahaty geçirildi.
Alyp baran: Amangulyýewa Selbi -Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.
Aýjemal Baýramowa - Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktorynyň orunbasary.
Mämmedowa Bibigözel-Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işewüri.
Amangül Nurmyradowa - “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işewüri.
Enejan Geldiýewa-Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.
Rejepowa Ogusabyr-Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işewüri.
Gülşat Gurbanowa-Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işewüri.
Ýörite habarçymyz.