2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda «Ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky ynsanperwer ýörelgeler-berkararlygyň we döwletliligiň belent nusgasydyr» atly maslahaty geçirildi.
Şu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy” bölüminiň müdiri A.Klyçewa alyp bardy.
Geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara “Ene mähri” merkeziniň lukmany M.Welbaýewa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň lukmany A.Emirowa,Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň mugallymy A.Sopyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil,edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty L.Ömürowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy P.Kakajaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy B.Jumaýewa dagylar gatnaşyp çykyş etdiler.. Bu çärä gatnaşanlar söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, her bir adamyň we her bir raýatyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga konstitusion hukuklarynyň bardygy, şeýle hem raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda döwletimizde amala aşyrylýan anyk işler, raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň üpjün edilmeginiň kepillikleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleri hem raýatlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça işe öz tertipnamalary we Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda gatnaşýandyklary barada çykyş etdiler.
Ýörite habarçymyz.