2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Gözelligiň aşygy

Sungat gözelligiň şekilidir. Kämil sungat eserine bolsa ony döredijiniň zehini hem zähmeti bilen birlikde, onuň yhlasy, ýürek mähri hem siňýär. Belki, şondandyr, şeýle eserler aýratyn özüne çekiji, gözde galagan bolýar. Munuň şeýledigini belli keramikaçy Gülara Babaýewanyň eserlerini synlanyňda hem kalbyň bilen duýmak bolýar.

— 1998-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okap başladym. Bu mekdepde okadan Tatýana Ostaşewa we Wiktor Petrow diýen mugallymlarym meniň üçin sungat äleminiň gapysyny açan ilkinji halypalarym boldy. Bir gezek telewizorda çagalar üçin gepleşikleriň birinde suratkeş-külalçy zenanyň palçykdan her hili şekiljikleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigini gördüm. Şonda mende hem palçykdan şeýle zatlary ýasamak höwesi döredi. Kakamyň maslahaty bilen howlymyzdaky ekinden palçyk alyp, ýasap başladym. Ýöne bu başa barmady, ýasan şekillerim derrew dargady. Şonda halypam Tatýana Wasilýewna kömege ýetişdi. Ol meni hünärmentçilik palçygy, onuň taýýarlanylyşy bilen tanyşdyrdy — diýip, Gülara külalçylyk sungatyna gelşini ýatlaýar.

Ýörite çeperçilik mekdebinde okan ýyllarynda Gülara külalçylykdan başga-da, sungatyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk ýaly görnüşleriniň inçe syrlaryny ele alýar. Bu ugurda oňa çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlary uly ýardam berýärler. Ýörite çeperçilik mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan gyz 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär.

Türkmenabat şäherindäki 16-njy orta mekdepde surat dersi boýunça mugallym bolup işlän Gülara sungat ugrundan alan bilimini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň külalçylyk bölümine okuwa girýär. Oňa bu ýerde halypa mugallymlar Bahar we Baýram Annagulyýewler sapak berýärler.

— Häzirki wagtda men Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam kafedrasynda keramika mugallymy bolup işleýärin. Her bir külalçynyň çig mal hökmünde palçygy taýýarlaýyş usuly bolýar. Älemgoşar öwüşginli, ýokary çeperçilikli eserleri döretmek üçin toýna nämäni, näçe mukdarda garyp, palçygy ýugurmaly we ony nädip «diýeniňi eder ýaly» derejä ýetirmeli? Ine, talyplarym bilen ussahanamyzda geçýän tejribe sapaklarymyzda şunuň ýaly sowallaryň üstünde pikir alyşýarys, dürli çeşmeleri agtaryp, internetden zerur maglumatlary bilelikde gözleýäris. Muzeýlere, sergilere, halypa suratkeşleriň ussahanalaryna baryp görýäris. Olaryň döreden işleri bilen tanyşýarys. Men talyplaryma-da öwredýärin, özümem höwes bilen öwrenýärin. Arzuwym külalçylyk üçin palçygy we syrçany ekologik taýdan arassa etmek. Munuň üçin kyrkbogun ösümligini ýakyp, kristal bölejiklerine öwrüp, onuň «ununy» aýratyn usulda berçinläp, gurşunyň ornuna ulanmagy göz öňünde tutýarys. Häzir bu täze usuly ulanmagyň öň ýanynda durus.

Gülara Babaýewa öz döredýän eserlerinde türkmen gelinleriniň keşbine, şeýle hem halkymyzyň taryhynda, rowaýatlarda uly yz goýan şahsyýetleri şekillendirmäge uly orun berýär. Onuň «Tumar» (Tomiris), «Türkmen amazonkalary», «Näzli gelinler», «Mugallym gelin», «Ýolagçylar», «Daýahatyn» ýaly külalçylyk kompozisiýalary muňa mysal bolup biler.

— Gadymy külalçylyk mirasymyzda mawy reňkli syrçaly gaplar, esbaplar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Soňra bu usul türkmen külalçylygynda ýiteňkirläpdir. Häzir bu usuly dikeltmäge çalşyp, «Massagetler mirasy», «Pazyryk nagyşlary», «Ganatly bedewler», «Skifleriň nagyşlary» ýaly keramika işlerimi döretdim.

Oglumyz Bally hem geljekde kakasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew ýaly heýkeltaraş bolmagy arzuw edýär. Ol sungatyň suratkeşlik we külalçylyk görnüşlerinde-de güýjüni synap görýär — diýip, Gülara guwanç bilen aýdýar.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde goşýan goşandyna belent baha berlip, geçen ýyl Gülara Babaýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bizem öz gezegimizde gözelligiň hak aşygy Gülara Babaýewa sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Güljemal AŞYROWA,

Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.

Türkmenistan gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm