2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Terbiýe ruhy-ahlak kämilliginiň özenidir

Türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgeleri, ahlak we edep kadalary nesilbaşymyz Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymgulynyň we beýleki beýik şahsyýetlerimiziň bize galdyryp giden pähim-paýhaslaryndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzat dogry ýaşamagyň tertip-düzgünlerini durmuşda giňden özleşdirip, ony kada öwürýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesiniň ähli ugurlaryny müňýyllyklaryň dowamynda synagdan geçirmegi hem-de kämilleşdirip biziň günlerimize ýetirmegi şol milli kadalara ygrarlylygyň netijesidir.

Edep-terbiýäniň ilkinji basgançagy ata-enäniň perzendi bilen bagly ýagşy gatnaşyklaryndan başlanýar. «Oglan atadan öwrener saçak açmagy, gyz eneden öwrener geýim biçmegi» diýipdir köneler. Gahryman Arkadagymyz hem «Ömrümiň manysy» atly kitabynda ata-ene gymmatlygyny, olaryň perzent ykbalyndaky aýratyn orunlaryny şeýlekin ýürekdeş sözler bilen beýan edýär: «Perzent üçin kakanyň ornuny tutjak başga bir ynsan ýok. Ýaşyň her çene ýetende hem, kakaň nesihaty bilen durmuşyň iň çylşyrymly sowallaryna-da akyl ýetirip, düşünip bolýandygyna hemişe ynanyp geldim». «Men ejemiň ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandygyna buýsanýaryn. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, el hünärine ussatlyk jemlenipdir». Milli Liderimiziň kitabyndaky şol parasatly jümlelerden hem görnüşi ýaly, ata-ene edep-terbiýäniň özenidir. Perzentleriň abraý-mertebesiniň başlangyjydyr.

Gadymy edebiýatlaryň birinde sagdyn maşgalanyň binýadyny gurmak barada şeýle ündew edilýär: «Owwal atanyň ýagşy ýerden öýlenmegi gerek. Eger ata ýaman ýerden öýlense, perzendiniň ýüzi aşak bolar. Ikinjiden, perzendine ýagşy at goýmagy gerek. Üçünjiden, okatmagy gerek. Dördünjiden bolsa ol oglany öýlendirmek gerek». Bu jümlelerden görnüşi ýaly, terbiýäniň başy, ilki bilen, eneden gaýdýar. Ata-babalarymyz, ilki bilen, abraýly maşgaladan ýagşy gyza öýlenmegi ündäpdirler. Gadymy nakyllarymyzda hem «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» diýilýär. Çünki halal nesli kemala getirmekde, maşgalanyň abraýyny gorap saklamakda enäniň orny aýratyndyr. Ene mukaddesligi nesil saglygynyň, onuň geljeginiň binýady bolup durýar. Milletine seretmezden, haýsy bir halkyň ýürek owazyna diň salanyňda-da, onda enäniň waspy belentden ýaňlanýar. Pederlerimiz mähriban enelerimizi mukaddes Käbä deňäpdirler. Olar öýüň zenanyna tutuş bir maşgalanyň ykbaly hökmünde garap, «maşgalam» diýip ýüzlenipdirler. Zenany bütin bir maşgala deňemek, onuň maşgalany dowam etdirmekde, geljekki nesilleri sagdyn ösdürmekde, edep-terbiýeli edip ýetişdirmekde orny aýratyndyr. Enäniň perzendini hüwdüleriň üsti bilen terbiýeleýşi-de özbaşyna bir milli ýörelgedir. Balasynyň asuda dynç almagy, süýjüden-süýji uka gitmegi üçin gijesini gündize öwürýän mähriban enelerimiz başymyzyň täjidir. Tutuş adamzat milletine seretmezden, eneleriň öňünde baş egýändir. Gadymy Hytaýda eneler lukmançylygyň başlangyjy hasaplanýar. Balasy bir nähoşluga uçrasa, ene derrew onuň şypasyny gözläp başlaýar. Şol sebäpden hem bu ýurtda ene ähli lukmanlara we tebiplere görelde mekdebi bolup gelýär.

Nesil terbiýesiniň, hormat-sylagynyň başynda, ilkinji nobatda, salamlaşmak edebi durýar. Çünki Beýik Biribaryň ady bilen bir-birege hormat etmek ýagşy ynsanyň iň gowy sypatlarynyň biridir. Şonuň üçin maşgalada perzentlere ilkinji öwredilýän edep hem salamlaşmak edebi. Salamyň hikmeti uludyr. Şu ýerde şeýle bir tymsala ýüzleneliň! «Degirmende zähmet çekýän ussa günleriň birinde iş wagty tamamlanandan soň, ammarlara göz aýlamagy makul bilýär. Şol barmana tötänden gapy gulplanyp, ussa içinde galýar. Hernäçe jan etse-de, azaby puja çykýar. Aradan ep-esli wagt geçip, howanyň ýetmezçiliginden ýaňa essi aýylyp, gözleri garaňkyraberende onuň dadyna garawul ýetişýär. Halas edileninden soň birnäçe gün halsyz ýatan ussa ýuwaş-ýuwaşdan aýaga galypdyr. Haýal etmänem halasgärini tapypdyr. Şonda garawul ussany halas edip ýetişmegindäki hikmeti şeýle düşündiripdir: «Gadyrdan ussam, men bu ýerde köp ýyllardan bäri işleýärin. Emma işgärleriň arasynda siz ýaly her gün gadyrly salam berýän we işden gaýdanda sagbollaşýan adama duşmandym. Şol günem siz hemişekiňiz ýaly, ir bilen salamlaşdyňyz-da, işden soň görünmediňiz. Şol sebäpli men bimaza bolup, sizi gözläp ugradym. Hernä çöregiňiz bitin ekeni...». Ussa salamlaşmagyň gudratyna göz ýetirip, özüne ýagşy edebi öwreden ata-enesiniň ruhuna doga okapdyr».

Edepli-tertipli, ylymly-bilimli perzentler her bir ata-enäniň hem-de ýurduň güýç-kuwwatydyr, ýüzüniň tuwagy, başynyň täjidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar — biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys.

 

Perman BERDIÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Nesil gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm