2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ÖSÜŞINDE ZENANLARYŇ ORNY» ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkezi bilen bilelikde gurnamaklarynda «Milli demokratiýanyň ösüşinde zenanlaryň orny» atly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy”  bölüminiň  müdiri A.Klyçewa alyp bardy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň  Halkara meseleleri boýunça komitetiniň agzasy E.Ataýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy M.Borjakowa, Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy O.Meläýewa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy J.Öwezowa dagylar  gatnaşyp çykyş etdiler. 

Geçirilen duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndaky Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde milli demokratiýanyň ösüşinde zenanlaryň orny barada täsirli çykyş etdiler.

 

Taýýarlan Ak Begenç, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm