GADYMY HEM BAKY SUNGAT

Dünýäni haýran edýän, halkymyzyň gadymdan gelýän çeperçilik sungatynyň bir görnüşi-de halyçylyk senedidir. Türkmen halkynyň amaly sungaty örän köp görnüşli bolup, olardan halyçylyk ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Gelin-gyzlarymyzyň nepislik bilen dokan halylarynyň her bir çitiminde halkymyzyň taryhy, ýaşaýyş-durmuş şertleri, arzuw-hyýallary sözüň doly manysynda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda haly önümçiligini ösdürmek, onuň dokalyşyny artdyrmak maksady bilen, haly kärhanalarynyň ençemesi hereket edýär. Şeýle kärhanalaryň biri hem welaýatymyzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasydyr. Bu ýerde zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň hereketini synlanyňda, aýratyn ajaýyp bir dünýä düşeniňi duýman galýarsyň. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 2 million 198 979 manatlyk önüm öndürilip, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 118, 3 göterime deň boldy.

Önümhanada dürli görnüşli, ölçegli haly we haly önümleri dokalýar. Olaryň birnäçesi ýörite buýurmalar esasynda ýerine ýetirilýär. Halylarda, esasan, welaýatymyza mahsus bolan «çowdur göli», «örtmen göli», «guşly göli», «pyşbaga göli» ýaly göller ulanylýar.

Ähli amatlyklary bolan, döwrebap görnüşli bu önümhananyň binasy 2021-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Hereket edip başlanyna köp wagt geçmedigem bolsa, haly önümhanasy öndürilýän önümleriniň barha artýandygy, dokalýan halylaryň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Onda häzirki wagtda halyçy zenanlaryň 150-den gowragy zähmet çekýär. Olardan baýry halyçylaryň hatarynda Oguljan Garlyýewanyň, Mährijemal Atalowanyň, Ýazgül Söýegowanyň, Iýmiş Welbekowanyň atlaryny uly hormat bilen tutýarlar. Önümhananyň gözegçi ussasy Roza Baýramowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol hem haly dokamaga 1987-nji ýylda başlandygyny, şondan bäri bu ugurda zähmet ýoluny dowam etdirýändigini gürrüň berdi. Ol häzirki wagtda dokalýan halylaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda yhlasly zähmetini aýamaýar. Ýaş şägirtlerine halypalyk mekdebini görkezip, olaryň haly dokamagyň inçe syrlaryny, tilsimlerini ussatlyk bilen ele almaklaryna ýardam edýär. Önümhanada zähmet çekýän ussat halypalar sanardan köp. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýeleri Ogulboldy Tekäýewany we Täzegül Pürenowany görkezmek bolar. Olar haly dokamak işini birnäçe ýyllardan bäri dowam etdirip gelýärler we özleriniň halyçylyk kesbini gyzlaryna, gelinlerine, agtyklaryna yzygider öwredýärler.

Gadymy hem müdimi amaly sungatymyzy dünýä ýaýmakda we ýaşlara halypalyk etmekde özleriniň yhlasly hem päk zähmetini aýaman gelýän, Türkmenistanyň at gazanan ussat halyçysy diýen belent adyň eýeleri Hurma Töräýewanyň, Maral Otuzowanyň, Annagül Padarowanyň atlaryny hormat bilen agzamak bolar.

Haly dokamak — bu iňňe bilen guýy gazan ýaly inçe işdir. Ol örän tutanýerliligi we sabyrlylygy talap edýär. Garaşsyz Watanymyzda halyçylyk sungatyna we halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmetine goýulýan sarpa diýseň beýik. Munuň şeýledigini biz her ýylyň maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen halysynyň baýramynda hem-de ýurdumyzyň baýry halyçylaryna dakylýan hormatly atlarda hem görýäris. Gubadag haly önümhanasynyň zähmetsöýer halyçy zenanlary bu ugurda alyp barýan işleriniň depginini geljekde-de güýçlendirjekdiklerini, ýurdumyzyň halyçylyk sungatynyň ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryny uly ynam bilen aýdýarlar.

 

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm