Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda zenanlar jemgyýeti pugtalandyrmakda möhüm güýje öwrüldi. Türkmen zenanlary öý-ojagyň eýesi, mähriban ene hökmünde kemally, ilhalar, zähmetsöýer perzentleri ösdürip ýetişdirmek bilen, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-de dostlukly döwletler bilen özara gatnaşyklarda ýokary işjeňlik görkezýärler. Bu hakykat şu ýylyň maý aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen paýtagtymyz Aşgabatda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynda hem has aýdyňlygy bilen ýüze çykdy.
Hyzmatdaşlygyň täze görnüşi bolan zenanlaryň dialogy doganlyk döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekde, gender syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge däl, eýsem, tutuşlygyna bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täzeden itergi berdi. Aslynda, gender deňligini üpjün etmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň syýasatynda möhüm ugurlaryň biri hasaplanýar. Gender syýasatyny, onuň maksatlaryny, wezipelerini we ýörelgelerini kesgitleýän milli hereketleriň meýilnamalary, täze kanunçylyk namalary kabul edilýär. Gender deňliginiň ilerledilmegi zenanlaryň döwlet gurluşynyň ähli ugurlarynda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär.
«Jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzukda sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, bu ugurda gazanylanlary, zenanlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini gorap saklamak, syýasy-ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde olaryň ornuny işjeňleşdirmek üçin döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna zenanlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de aýal-gyzlaryň maşgalada we jemgyýetde tutýan mynasyp orny, nesil terbiýesi, eneler we çagalar baradaky aladalar hakynda söhbet edildi.
Zenanlaryň dialogynda türkmen tarapynyň medeni mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen, el işleri bilen meşgullanýan zenanlaryň sebit jemgyýetini döretmek baradaky başlangyjynyň gyzgyn garşylanandygyny uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki gelin-gyzlaryň zähmeti hakynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, olaryň çeper el işleri göz öňüňde janlanýar. Kökleri uzak geçmişiň şanly sahypalaryna siňen gadymy hem müdimi milletimiziň amaly-haşam sungaty halyçylyk, keşdeçilik ýaly ajaýyp el işleri bilen şöhratlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanlarynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr.
Ýeri gelende, şu ýylyň 26-njy maýynda — Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezen, eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy hökmünde uly abraýa eýe bolan Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur nepis el halylaryny döredýän çeper elli ussatlaryň sarpasynyň belentde tutulýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
«Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde guralan zenanlar forumynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynda eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän ýörite sergi guraldy. Serginiň bölümlerinde türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň, çeper el işleriniň ajaýyp nusgalary hem giňden şöhlelendirildi. Ketenidir parça-ýüpekden tikilen, dürli nagyşlar bilen bezelen milli köýnekler, kürtedir çabytlar, dondur ýeňsizler, düýpli gyňaçlar, başatgyçlar, ýapynjalar gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýdy.
Milli lybaslarymyzyň zenanlaryň häsiýetine-de täsir edýändigini bellemek gerek. Adatça, asyllylyk, salyhatlylyk, edalylyk türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetler. Gadymy biçüwler, ýagny ýanly biçüwdäki, ýakasy bagjykly köýnekler, begeýik salnyp tikilen donlar zenanlary salyhatly, asylly görkezýär. Milli lybaslara salnan keşdeleri, gaýmalary synlap, olary bejeren gyz-gelinleriň häsiýetlerini hem çaklap bolýar. Inçe işleriň eýesine kanagatly, sabyrly maşgala hökmünde baha berilýär. Gyz perzendiň terbiýesinde çeper el işleriniň mynasyp ornunyň bardygyny durmuş hakykaty subut edip gelýär. Hut şonuň üçin-de halyçylyk, keşdeçilik sungaty eneden gyza geçip, dowamat-dowam bolýar. Bu babatda gyzlarynyň ýagşy gylyk-häsiýetli, eli hünärli bolmagyny arzuwlan ene-mamalarymyz «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde», «Enesini gör-de, gyzyny al...» diýen ýaly atalar sözlerine uýupdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz maşgala ojagynyň goragçysy hökmünde milli däp-dessurlary, halkyň ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde we ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmakda, jemgyýetiň durmuşynyň esaslaryny ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda zenanlaryň bitirýän işlerine ýokary baha berýäris» diýmek bilen, türkmen zenanlarynyň zähmetine uly hormat-sarpa goýýar. Milli däplerimize görä, ýurdumyzda çagalar we eneler barada bimöçber aladalar edilýär, maşgala gymmatlyklarynyň binýady goralýar, köp çagaly maşgalalara yzygiderli kömek-goldawlar berilýär. Goý, merdana pederlerimiziň döreden edebi hem medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýol-ýörelgelerini jemgyýetimiziň ruhy çyragy saýyp, onuň dowamat-dowam bolmagyna ýol açýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi hemişe belent bolsun!
Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.
“Türkmenistan” gazeti.