08.06.2022
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammediň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň Merkeziniň agzalary, hem-de BMG-niň maksatnamalaryny we taslamalaryny ýurdumyzda amala aşyrmakda işjeň gatnaşýan “Keýik okara” we “Ýeňme” jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Taýýarlan we surata düşüren Ak Begenç, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň esasy hünärmeni.