2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ZENANLARYŇ ARASYNDA DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat, etrap bölümleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň guramagynda welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän şeýle çäreleriň netijeliligi hem gazanylýar.

Babadaýhan dokma toplumynyň mejlisler jaýynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy täsirli boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, dokma toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, işjeň zenanlaryň hem-de mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli tutumly işleri, türkmeniň milli däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksat edinildi.

Duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Berkarar Watanymyzyň täze ösüş döwründe zenanlaryň jemgyýetimizde tutýan orny, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we geljekki nesillere ýetirmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde olaryň üstüne düşýän jogapkärçilik barada aýratyn durlup geçildi. Şonuň bilen baglylykda, asyrlarboýy kämilleşip, biziň häzirki günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza eýermegiň we ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemegiň möhümdigi bellenip geçildi hem-de bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda maşgala mukaddesligi, edep-terbiýe kadalary, gelin-gyzlary bezeýän asylly gylyk-häsiýetler bilen bagly aýdylan degerli maslahatlar uly täsirleri döretdi.

Şeýle mazmunly duşuşyklaryň ýene biri Kaka dokma toplumynda geçirildi. Onda ýurdumyzda zenanlar hakda edilýän alada, zenanlaryň jemgyýetdäki orny barada söz açylyp, maşgalalaryň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak, durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak hem-de türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn üns çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we il-günümize wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri kemala getirmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Baýramsoltan MYRADOWA,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni. SURATLARDA: Babadaýhan dokma toplumynda bolan duşuşykdan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm