2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Türkmen–rus gatnaşyklary berkeýär

10-njy iýunda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline gondy.

Resmi garşylamak dabarasy

Ol ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berenden soň, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi. Dabara Moskwa şäherine bir gün öň gelen ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti hem gatnaşdy. Resmi garşylanyş çäresi Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlandy.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Ýokary derejedäki gepleşikler

Soňra ýokary derejede ikiçäk türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Russiýanyň Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir energetika ulgamyna däl, eýsem, senagat, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan awtoulaglaryň, deňiz we awiatehnikalaryň köp mukdaryny satyn almak bilen bir hatarda, Russiýanyň kompaniýalaryna ýurdumyzyň çägindäki iri ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Döwletara hyzmatdaşlykda Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklar möhüm orny eýeleýär. Şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

«Dostluk» ordeni — dost-doganlygyň nyşany

Soňra Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Rus Lideri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny bu sylag bilen gutlap, ýurduň durnukly ösüşiniň, onuň raýatlarynyň rowaçlygyny üpjün etmegiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine «Dostluk» ordenini gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz rus Liderine hem-de wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, bu ýokary sylaga mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny we ony ýurdumyza goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýdyp, minnetdarlyk bildirdi.

Jarnama gol çekildi

Soňra «Malahit» zalynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Moskwada russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Olaryň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda gol çekilen Jarnama bilen birlikde, 15 resminamadan ybarat resminamalar toplumy döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Žurnalistlere ýüzlenme

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, gepleşikleriň örän mazmunly, işjeň, dostlukly ýagdaýda geçip, döwletara gatnaşyklaryň hakyky hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik häsiýetini ýüze çykarandygyny belledi.

Gol çekilen Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda, biologik we maglumat ugurlary bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamynda hem geljek üçin bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Geçen ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy 865 million dollara barabar boldy. Eýýäm şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça bolsa özara söwda ýene-de 45 göterim ýokarlandy.

Halkara çärelere taýýarlyk

Russiýanyň Lideri gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesiniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şeýle-de Aşgabatda nobatdaky VI Hazar sammitiniň, Moskwada bolsa ikinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine işjeň taýýarlyk görülýändigi aýdyldy.

Prezident Wladimir Putin sözüniň ahyrynda Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Raýdaşlygyň ajaýyp nusgasy

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde biziň döwletlerimiz raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Türkmenistan sanjymlaryň, derman, lukmançylyk serişdeleriniň iberilmegi baradaky haýyşa dessin seslenendigi, şu çylşyrymly döwürde Russiýanyň çäklerinde bolan türkmenistanlylary goldandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna minnetdardyr.

Hormatly Prezidentimiz bu saparyň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini tassyklandygyna ynam bildirip, Prezident Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygyny habar berdi.

Gahrymanlara hormat

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşde janyny gurban eden gahrymanlara sylag-hormatyň nyşany hökmünde Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky Baky oduň öňünde gül sebedini goýdy.

Beýik Ýeňiş üçin baş goýan edermen esgerleriň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi. Şol esgerleriň hatarynda biziň hem müňlerçe ildeşlerimiz bar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçdi. Dabara Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Şekillendiriş sungaty

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet Tretýakow galereýasynyň häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen bölümine bardy. Muzeýiň merkezi girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Döwlet Tretýakow galereýasynyň ýolbaşçylary garşylady.

Ilki bilen, belent mertebeli myhmana muzeý barada umumy maglumatlar gürrüň berildi. Soňra hormatly Prezidentimiz geçen asyryň dürli döwürlerinde döredilen we ekspozisiýanyň esasyny düzýän sungat eserleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Tretýakow galereýasynyň ýolbaşçylaryna gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlap, Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi ugratmak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soňra, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz rus tarapynyň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

«Watan».

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm