2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«MEDENI MIRASYMYZ ROWAÇLANÝAR» ATLY DABARALY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde gurnamaklarynda «Medeni mirasymyz rowaçlanýar»  atly dabaraly maslahaty  geçirildi.

Şu dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Zeminiň görki” atly gepleşiginiň redaktory S.Amangulyýewa alyp bardy.

Bu maslahat Türkmenistanda her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň  işgärler bölüminiň başlygy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy M.Tangyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy A.Mukymowa, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy A.Çaryýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy,  Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy S.Janmämmedowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy H.Orunbaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy M.Jumaýew dagylar gatnaşdylar. Olar şu dabaraly maslahatynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygyndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasynda” milli medeniýetimizde we sungatymyzda gazanýan üstünlikleri hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Mukamlar köşgüniň  döredijilik toparynyň aýdym-sazly täsirli çykyşlary hem gurnaldy.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm