2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Maşgala mukaddesligi wagyz edildi

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda «Maşgala gymmatlygy» atly şygar bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen maslahat sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, ahlak terbiýesini, maşgala mukaddesligini we milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek maksadynda geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň metbugat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Täzegül Nepesowa, welaýat häkimliginiň Myhmanhanalar we «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň direktory, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mamagül Babaýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Haýtgül Ataýewa, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaş nesillerde merdana pederlerimizden miras galan ahlak arassalygy, watansöýüjilik, lebzihalallyk, kalby tämizlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, maşgala binýadynyň berkligini gazanmak dogrusyndaky gürrüňlere giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, maşgala ojagynyň berkligi, agzybirligi birek-birege, ene-ata, maşgalada uly ýaşlylara goýulýan hormata, halal hem tutanýerli zähmete baglydyr. Agzybir maşgala ojagy sagdyn jemgyýetiň özenini düzýär. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň gülläp ösüşiniň iň esasy şertidir. Maslahatyň dowamynda her bir maşgalanyň abadan, parahat ýaşaýşy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýörite habarçymyz. Surata düşüren Allanur SAPAROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm