2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

EJEMDEN GALAN MIRAS

Ene mukaddesligi barada söz açylanda, ýaşlygym ýadyma düşýär. Biz maşgalamyzda on dogan bolup kemala geldik. Okadyk, bilim aldyk, maşgala bolduk. Ýöne ejemiň agyr maşgala keşigini egninde göterip, ýadamany-ýaltanmany bilmän, bizi ösdürip-ulaldanyny ýatlap haýran galýaryn. Ejem otursa-tursa gyz maşgalanyň edep-ekramy, özüni alyp barşy barada bize gymmatly maslahatlary bererdi. «Saçyňyz onda-munda çaşyp ýatmasyn» diýip, ejem bize saçbukja tikip berdi. Daşy alaja bilen bezelen, içi akja ýaglykly şol saçbukjany häzire çenli ejemden ýadygärlik hökmünde saklap ýörün. Gyzlaryma-da, gelinlerime-de ejemiň ýörelgelerini ýatladýaryn. Säher bilen turup, sygyr sagyp, gapylary syryp-süpürip, çaýyň üstüni basyryp goýýan mähriban ejem — biziň her birimiz üçin görüm-göreldedi. Durmuşa çykmankak, ejem biziň herimize saçakdyr kendirik sowgat etdi. «Saçak-kendiriksiz öýüň berekedi bolmaz» diýip, ejem maslahat bererdi. Gatyk basyrmak, ýaýyk ýaýyp, ýag almak ýaly öý işleriniň syrlaryny ejemden öwrendik. Häzirlerem atam öýüne gezelenje barsam, ejemden ýadygärlik galan öý goşlaryna gözüm düşende, geçip giden ýaşlyk ýyllarym biygtyýar göz öňümde janlanýar. Enäniň eli degen, onuň ýyly demi düşen öý goşlary hem perzent üçin mukaddeslik. Mähriban käbämiň terbiýe bermäge inçelik bilen çemeleşmesine haýran galýaryn. Şonuň üçinem adaty saçbukja meniň üçin ejemiň beren öwüt-nesihatlary bolup hyýalymda janlanýar. Enäniň hamrak kalbyndan ýakymly mukam bolup syzylýan hüwdi çaganyň rahat, arkaýyn uklamagyna täsir edýär. Mähir dünýäsine çoýunyp hüwdülenýän körpeleriň şirin uka gidip, meýmiräp ýatyşyny gören ene, megerem, ömrüniň iň bagtyýar pursatlaryny başdan geçirýändir. Maşgalada ata-ene ogul-gyzlaryň birini beýlekisinden kän bir parhlandyryp durmaýar. Olaryň ýüreginde ogluň öz orny bar, gyzyň öz orny bar. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzentleriniň diňe boý-syratyna däl, olaryň edep-ekramyna, akyl-üşügine guwanyp ýaşamak her bir ene üçin uly bagt. Ykbal kerwenini çekip barýan ene asylly göreldesi bilen ojakda durmuş mekdebini döredýär. Ene — maşgalanyň mähek daşy. Ojak atly mukaddesligi gorap, maşgala bitewiligini abat saklaýan enäniň bagtdan püre-pür gözlerinde dowamatyna bolan tükeniksiz mähir we söýgi jemlenendir.

 

Zülhumar MYRADOWA, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Çärjew etrap geňeşiniň başlygy. Türkmen gündogary gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm