2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Bäsleşigiň welaýat tapgyry ýeňijileri kesgitledi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde “Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby esasynda yglan edilen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna Tejen şäherinden hem-de etraplardan bagtyýar maşgalalar gatnaşdy.

Berkarar Watanymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini dabaralandyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan “Ömrümiň manysy” atly kitabyny wagyz etmek, onuň many-mazmunyny her bir maşgala agzasyna ýetirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşige gatnaşyjylar şertleriň üçüsi boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň ilkinji şertinde bagtyýar maşgalalar hormatly Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyndan parçalary labyzly okamakda ýa-da ýatdan aýtmakda ukyp-başarnygyny görkezseler, ikinji şertinde agzalan eseriň bölümlerden bir pursady sahnalaşdyrmakda ussatlygyny beýan etdiler. Bäsleşigiň soňky — üçünji şertinde maşgala agzalary Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynda beýan edilen, türkmene mahsus bolan dessurlary ýerine ýetirdiler. Şonda toý dessurlarynyň ýerine ýetirilişi aýratyn ünsi çeikiji boldy.

Bäsleşigiň emin agzalary bagtdan paýly maşgalalaryň her biriniň çykyşyna mynasyp baha berip, onuň dowamyndan ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, Ak bugdaý etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň okuw terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Baýramgeldi Muhammetmyradowyň, Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulsoltan Aşyrowanyň, Tejen etrap Medeniýet öýüniň hünärmeni Mahym Aýdogdyýewanyň maşgala agzalary bäsleşigiň ýeňijileri bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Akgözel HOJALYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm