2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Sungat äleminiň bilbili

çarlaklaryň owazyndan ylham alan ussat

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmeginde görnükli yz galdyran sungat ussatlary sanardan köp. Şeýle ussatlaryň biri-de türkmen opera sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewadyr. Ol bütin ömrüni opera we kino sungatynyň ösmegine bagyş edip, sungat äleminde hoş owazly aýdymlary ýerine ýetirip, ençeme gahrymanlaryň keşbini döretmegi başaran ussatdyr.

Annagül Annagulyýewa Hazary etekläp oturan Esenguly etrabynda balykçylar maşgalasynda dogulýar. Ýatlamalarda beýan edilişine görä, gojaman Hazaryň kenary ýaşajyk Annagülüň owazly kalbyny heýjana salýar. Ol ir säher bilen seýil edip, deňziň üstünden öwüsýän mahmal ýeller bilen özüçe sözleşip, şirinden mylaýym, hoş owazy bilen deňiz kenarynyň üstünde ganat ýaýýan çarlaklar bilen eziz obasyny mukama besleýär. Oba adamlary ýaşajyk Annagülüň başarnygyna buýsanyp, onuň geljegine uly umyt bildirýärler. Onuň özem: «Owazyny susup alyp bilene türkmen tebigaty gory egsilmeýän ylham. Ýaýlyp ýatan deňiz, mawy asman, gök deňziň üstünde ganat ýaýýan çarlak guşlar, başyňy sypap öwüsýän mylaýym şemal — barysy owaz. Diňe oňa ses goşaýmak galýar» diýer eken.

Geljekki ussat sungat älemine mawy deňziň joşgunly tolkunlary ýaly bolup gelýär. Ol 1941-nji ýylda Aşgabadyň Opera we balet teatrynda işe başlaýar. Adrian Şapoşnikowyň Daňatar Öwezow bilen bilelikde goýan «Zöhre-Tahyr» operasynda Zöhräniň keşbini janlandyrýar. Döreden her bir gahrymanynyň daşky sypatyny, gylyk-häsiýetini çuňňur öwrenýär. Her bir keşbe döredijilikli häsiýet berýär. Ol owazly sesi, tebigy zehini bilen «Şasenem-Garypda» Şasenemiň, «Kemine we kazyda» Ogulbegiň, «Leýli-Mejnunda» Leýliniň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň keşbini we başga-da birnäçe keşpleri döretmekde ussatlygyny görkezýär.

Ussadyň döredijilik ýoly kino sungaty bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol belli kinofilmlerden «Şasenem-Garypda» Şasenemiň enesiniň, «Keçpelekde» Dürsoltanyň, «Derýanyň aňyrsy serhetde» Heseliň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Annagül Annagulyýewa uzak ýyllaryň dowamynda Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow, Adrian Şapoşnikow, Hydyr Allanurow ýaly ussatlar bilen işleşip, sungat äleminiň öçmejek ýyldyzlary Medeniýet Şahberdiýewa, Maýa Kulyýewa, Roza Töräýewa, Aýdogdy Gurbanow ýaly ussatlaryň hatarynda uly at-abraýa eýe bolýar.

Ussat halypanyň sungat älemindäki döredijilikli ýoly türkmen sungatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk artisti, režissýor Alty Garlyýew bilen baglanyşyklydyr. Ýanýoldaşy Alty Garlyýew bilen döredijilikli işlän ýyllarynda ol «Şasenem-Garyp» kinofilminde Şasenemiň enesiniň keşbini ussatlarça janlandyrmagy başarýar. «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp» ýaly operalarda döreden keşpleri bolsa türkmen sungatyny arşa göterýär.

...Ýaýlymda häli-şindi «Sil biläni», «Aýnanyň ariýasy», «Reýgan eýledi», «Gara gözleriň» ýaly aýdymlar ýaňlanýar. Diňleýjiler bu aýdymlary Annagül Annagulyýewanyň ýerine ýetirýändigini bada-bat aňşyryp bilýärler. Çünki ussat halypa bu aýdymlary hiç kimiňkä meňzemeýän heňi, ýoly bilen ýerine ýetiripdi.

Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewanyň türkmen aýdym-saz äleminde bitiren işleri hem-de sungatda döreden keşpleri sungaty söýýän we bu ugurdan meşgullanýan ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

 

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,

Oguzhan etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Watan gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm