2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda

Zerim bar, zergärim bar, Bagtyýar zamanam bar

Ýakynda şeýle at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesinde zergärçilik işi bilen meşgullanýan dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. TKA-nyň Milli merkezi, TZB-niň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige gatnaşyjylar 4 şert boýunça öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Her bir zergäriň ukybyny açyp görkezmek we ussat zergärleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar öz zergärçilik işi bilen tanyşdyryp, olar hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bäsleşigiň welaýat tapgyry diýseň çekeleşikli geçdi. Her bir zergäriň döreden ajaýyp şaý-sepi göreniň gözüni dokundyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda zergärçilik işi bilen gatnaşan ildeşlerimiziň ählisine TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olara işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagy arzuw edildi.

 

Mähri SEÝTIÝEWA.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

SURATDA: bäsleşikden bir görnüş.

Maru-şahu jahan gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm