2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mil­li ter­bi­ýe – asyl­ly ýö­rel­ge

Zäh­met ada­my bag­ta ýe­tir­ýär. Her bir yn­san ýaş­lyk­dan haý­sy­dyr bir kesp-kä­ri saý­la­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, is­len­dik hü­nä­re ýaş­lyk­dan baş­la­nyl­sa, hem-ä çalt öw­ren­mä­ge, hem-de ök­de, us­sat hü­när­men bo­lup ýe­tiş­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýaş na­ha­lyň berk we gö­ni, owa­dan, gel­şik­li, sa­ýa­ly, mi­we­li bag bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin eki­len gü­nün­den baş­lap, oňa ideg et­me­li. Şo­nuň üçin hem ýaş­la­ra ene-ata­lar we mu­gal­lym­lar oňat gö­rel­de gör­kez­me­li, mil­li ter­bi­ýä­niň ýö­rel­ge­le­rin­den peý­da­lan­ma­ly.

Mil­li ter­bi­ýe­de gö­rel­de mek­de­bi esa­sy orun­da dur­ýar. Bu il­kin­ji no­bat­da ýaş­la­ryň gör­ýän za­dy­ny tiz al­ýan­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem zäh­met çek­mek­de, bi­lim al­mak­da, ki­tap oka­mak­da gö­rel­de bol­mak ze­rur­dyr. Dur­muş­da bel­li bir hü­nä­riň, kä­riň eýe­si bol­mak üçin yh­la­syň, üşü­giň, ze­hi­niň, yna­myň, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gyň, tu­tan­ýer­li­li­giň, zäh­me­tiň ge­rek­li­gi ikuç­suz­dyr. Ça­ga­nyň ýaş­ly­gyn­dan ukyp-ba­şar­ny­gy­na gö­rä, öm­ri bi­len ömür­deş bol­jak hü­nä­ri saý­la­ma­gyn­da ata-enä­niň, mu­gal­ly­myň tut­ýan or­ny ulu­dyr. Hö­wes­li, ir­gin­siz, yzy­gi­der­li zäh­met çek­mek, iş­le­mek ar­ka­ly hü­när eýe­si bo­lun­ýar. Kä­ri, hü­nä­ri bir­kem­siz ele al­mak­da ha­ly­pa­nyň, us­sa­dyň gol­da­wy, öwüt-ne­si­ha­ty, bi­li­mi aý­ra­tyn ze­rur­dyr.

Yh­las bi­len saý­lan kä­ri­ňi düýp­li ele alaň­soň, eden işiň­den, dö­red­ýän ese­riň­den, sun­ga­tyň­dan, işiň gö­zel­li­gin­den, kä­mil­li­gin­den lez­zet al­ýar­syň, se­ri­ňi ýa­kym­ly duý­gu­lar gur­şap al­ýar. Hö­wes bi­len eden işiň­den, çe­ken zäh­me­tiň­den hem özüň, hem-de daş-tö­we­re­giň­dä­ki­ler ruh­lan­ýar.

Pe­der­le­ri­miz hem ça­ga ede­bi, gö­rüm-gö­rel­dä­ni, zäh­met ter­bi­ýe­si­ni ýaş­lyk­dan be­rip­dir­ler. Zäh­metsöýer ada­myň gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri hem, köp­çü­lik­de özü­ni alyp bar­şy hem göw­nü­ňe ma­kul bol­ýar. Zäh­met yn­sa­ny ter­bi­ýe­le­ýär. Zäh­met çek­mek yn­sa­ny be­den taý­dan tap­la­ýar, edep-ah­lak jä­het­den se­re­de­niň­de-de gö­zel­leş­dir­ýär. Zäh­met ada­my tap­la­ýan, gö­zel­leş­dir­ýän, ru­hu­ny baý­laş­dyr­ýan sön­me­jek çy­rag­dyr. Ol yn­sa­ny has­sa­lyk­dan, ýal­ňyz­lyk­dan ha­las ed­ýär. Zäh­met ýüz­le­re nur, ömür­le­re ma­ny çaý­ýar. Yn­san kö­ňül­le­ri­ni ga­nat­lan­dyr­ýan gö­zel­lik­le­ri, sun­ga­ty, işi­ne ja­nyp­keş zäh­met adam­la­ryny dö­red­ýär. Bu ba­ra­da ýaş­la­ra edep-ter­bi­ýe ber­mek, wa­gyz et­mek hem esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.

 

Aman­gel­di DÖW­LE­TOW,

Ak­de­pe et­ra­byn­da­ky 4-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

Mugallymlar gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm