Her günki agşamlykdan soň, «Türkmenmetbugata» girip, ertirki çykjak gazetleriň elektron görnüşleri bilen tanşyp çykmak maşgalamyzda endige öwrülip gidipdir. 25-nji maý gününiň agşamlygy, adaty endigimize eýerip, hem durmuş, hem işdeş ýoldaşym Maral bilen ertir çapdan çykjak «Türkmen Gündogarynyň» elektron görnüşine göz gezdirip otyrdyk. Ine-de, birden kärdeşlerimiziň biriniň paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly barada ýazan makalasyna gözüm düşdi. Onda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowanyň festiwalyň «Iň gowy kiçi keşp üçin» atly baýragyna mynasyp bolandygy buşlanylýardy. Makalanyň şol bölegini okap gutarmankak, iki ýerden: «Şü-ýä, tüýs bolaýypdyr» diýenimizi duýman galdyk. Şol mahal teatryň festiwala hödürlän «Mertler Watany beýgeldýär» atly sahna eseriniň jemgyýetçilik görkezilişine gatnaşyşym we ussadyň döreden kiçijik keşbiniň tomaşaçylarda galdyran uly täsiri ýene bir gezek serime doldy...
...Garaşylýan myhmanlaryň ählisi gelensoň, eser görkezilip başlandy. Dessine-de dünýämizi özüne baglady. Gorkut atanyň zamanasyna degişli wakalardan söz açýan eseriň mundan ozalky şaýat bolan sahnalarymyzda emelsizligi bilen tomaşaçylary güldüren enemogly Söwümsiz (artist Taýly Allaberdiýew) uruşdan gaçyp, göni enesiniň ýanyna geläýmezmi?! Enesi kimdir öýdýärsiňiz?! Meniň häliden bäri sahnadan gözlän ussadym — Akjagül Suhanowa! Ol — ýene ene! Akjagül gelnejäniň ozalky janlandyran enelerem tüýs ýerine düşüpdi welin, göwnüňe bolmasa, bu gezekki ene keşbi has başgaça ýaly bolup dur. Ogly Söwümsiziň züwwetdinligine jany ýanan enäniň onuň gylyjyny alyp, jeňe haýdabermesini tolgunman synlamak mümkin däl. Ussadyň aýdýan sözleri bolsa onki süňňüňden geçip, beýniň iň çuňluklaryna çenli baryp ýetýär. Hemişeki pertlik! Hemişeki mertlik! Hemişeki ussatlyk!
Ene sözi täsir eden Söwümsiz eseriň ahyrynda baş gahrymany dogry gelýän ajaldan gutaryp, gahrymanlarça wepat bolýar. Bu sahnalarda Akjagül gelneje görnenok. Ýöne şol mahal hem ol tomaşaçynyň hyýalynda janlanýar.
Akjagül Suhanowanyň eserdäki keşbi, hakykatdan-da, kiçi. Ol bir sagatdan gowrak dowam edýän eseriň bary-ýogy birnäçe minudynda sahnada görünýär. Ýöne ussat sahna çykyp, aýtmalylaryny aýdyp, etmeli hereketlerini edip, indiki sahnalara gezek berensoňam, akylyň şonda — ýaňky şaýat bolan dartgynly ýagdaýyňda galýar. Elbetde, bu ýerde eseriň awtorlarynyň hem ussatlygyny nygtamak gerek. Ruhy eseriň tutuş süňňüne siňen enäniň keşbini Akjagül gelneje ussatlarça janlandyryp bilipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerine we «Gorkut ata» şadessanyna esaslanýan sahna eserinde dartgynly, ýatda galjak pursatlar juda kän. Şol mahal Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowanyň ýerine ýetiren keşbi bilen bagly şeýle pikir seriňe gelýär: çyn ussatlar üçin kiçi keşp ýok!
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».