2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zergärleriň bäsleşigi

Şu gün – 17-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Onda basleşigiň Aşgabat şaheriniň we welaýat tapgyrlarynyň ýeňijileri özara bäsleşdiler.

Pederlerimizden miras galyp, asyrlaryň dowamynda kämilleşen zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak, zergärçilik bilen meşgullanýan ýaş zergärleri ýüze çykarmak, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar «Syrly sungat», «Sungatym bar – hormatym bar», «Altyn-kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» diýen şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. 

Basleşige gatnaşanlar «Syrly sungat» diýlip atlandyrylan birinji şert boýunça öz ýaşaýan sebitleri bilen baglanyşykly milli şaý-sepleriň ulanylyş aýratynlyklary, zergärçilik önümlerine salynýan şekilleriň many-mazmuny, gaşlar bilen baglanyşykly aýratynlyklar barada gürrüň berdiler. «Sungatym bar – hormatym bar» diýen ikinji şertinde bir aýdymyň dowamynda öz ýasaýan işlerini ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Bäsleşigiň «Altyn-kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» diýlip atlandyrylan üçünji şertinde bolsa döreden şaý-sepleriniň özboluşlylygy barada gürrüň bermek bilen, ajaýyp zergärçilik öňümleriniň waspyny ýetirdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm