DÖWRÜŇ MÄHRIBANLYK BUÝSANJY

Zenanlar türkmen milletimiziň öňden gelýän asylly däplerine laýyklykda, döwlet dolandyryş we halk häkimiýet edaralarynda mynasyp orun eýeleýärler, bolup geçýän täzelenişlere, ösüşe beslenen özgertmelere işeňňir gatnaşýarlar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda joşgunly zähmet çekmegiň, görüm-göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.
Mährem zenanlaryň bu asylly hyzmatlary döwletiň olar barada döredýän mümkinçiliklerine mynasyp jogap bolup durýar. Ýurdumyzda gender syýasatynyň alnyp barylmagy, zenanlaryň döwlet sylaglary bilen mertebelenmegi, durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi we beýleki sahawatly tutumlar olaryň döwletdäki ornunyň näderejededigini doly açyp görkezýär. Döwlet derejesinde, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gös-göni alada etmeginde bu günki gün türkmen zenanlary ösen döwrüň ruhuna mahsus ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, gurýarlar, döredýärler.
Şeýle ruhy galkynyş, asylly maksatlara gönükdirilen işler welaýatymyzyň zenanlarynyň durmuşyna-da mahsuslygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Olar döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän gündelik wakalardan gyzgyny bilen habarly bolup, olaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar, döwrüň sesine ses goşup ýaşaýarlar, döwletiň özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakdaky tutumlaryna işjeň goşulyşýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz edýän berkarar Watanymyzda ýaş nesli arassa ahlakly, kämil terbiýelemek maksady bilen guralýan wagyz-nesihat çärelerinde-de zenanlarymyzyň paýhas mekdebine aýratyn orun degişli bolup durýar. Ony häzirki wagtda TZB-niň welaýat bölümi tarapyndan guralýan, şol bir wagtyň özünde işjeň häsiýete eýe bolýan duşuşyklaryň, söhbetdeşlikleriň, wagyz-nesihat çäreleriniň giň mysallaryndan-da doly aýtmak bolýar. Welaýatymyzyň agzybir zenanlarynyň durmuşa gatnaşygyny pugtalandyrmakda zenanlar guramasynyň orny örän uludyr. Häzirki wagtda welaýat zenanlar bölümini guramalaryň 970-si düzüp, olar özlerine agzalaryň 194240-a golaýyny birleşdirýärler. Bu görkeziji welaýatymyzda guramanyň işjeň çykyş edýändiginiň anyk mysalydyr. Çünki zenanlaryň ykbalyna bir-birinden zyýada gelýän ýyllar hem, döwürler hem öz täsirini ýetirýär. Olar döwlet durmuşynda bolup geçýän şol täzelenişlere öz durmuşlaryndaky işjeňligi bilen, zyba hem gözel işleri bilen, belent maksatlary bilen has ýakyndan gatnaşýarlar. Şeýle gatnaşyklaryň pugtalanmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän «Ýylyň zenany», «Gülüň owadan» we başga-da zenanlaryň döwre gatnaşygyny açyp görkezýän döredijilik bäsleşikleriniň ähmiýeti örän uludyr. Olar diňe bir zenanlaryň başarnygyny we işeňňirligini aýdyňlaşdyrman, eýsem, tejribe alyşmakda, öwretmekde hem öwrenmekde, zenanlary täze maksatlara, täzeçe döredijilige ruhlandyrmakda esasy çelgi bolup hyzmat edýär. Welaýatymyzyň agzybir hem zähmetsöýer zenanlary köpçülikleýin çärelerde, özleriniň gatnaşmagynda guralýan bäsleşiklerde ruhubelentligiň, sowatlylygyň, işjeňligiň, mähribanlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler, ýeňişli orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle üstünlikler Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň, işjeň agzalarynyň köpelmegine uly täsirini ýetirýär. Ol bolsa zenanlar baradaky aladalara hakyky iş bilen jogap berilýändigini açyp görkezýär.
Welaýatymyzyň zenanlary maşgala mukaddesligi, ahlak arassalygy, edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly asylly maksatly işlerde hem öz başarnyklary bilen işjeňlik görkezýärler. Şu mowzuklarda geçirilýän duşuşyk-maslahatlarda edilýän çykyşlaryň täsirliligi olaryň ýerine ýetirilişiniň mysallarynda has aýdyň görünýär. Şeýle bolansoň mähriban zenanlaryň durmuşy bagtyýarlyga beslenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhuna özboluşly röwşenlik çaýýar.
Hemişe asylly maksatlar bilen döwletimizde bolup geçýän özgertmelere işjeň goşulyşmaga ymtylýan bagtyýar zenanlarymyz hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip, döwrüň rowaçlykly ýolundan öňe barýarlar. Bu nurana ýolda olara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň özleri hakdaky tükeniksiz aladalary ruhy güýç eçilýär. Bu synmaz sazlaşyk bolsa zenanlaryň kalbyndaky ak arzuwlaryň akymyna bat berýär.

Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm