2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Güllerinde gözelligiň görki bar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» atly beýik şygarly ýylymyzda belent tutumlary amala aşyrmagyň, berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alnyp barylýan işlere işjeň goşulyşmak tutuş halkymyz bilen birlikde, bagtyýar zenanlaryň hem baş maksadyna öwrülýär. Türkmen zenanlary agzybir maşgala ojagyny abat saklamak bilen, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge, owadan hem nepis işleri bilen döwrümizi bezemäge we baýlaşdyrmaga saldamly goşantlaryny goşýarlar. Özleriniň gaýtalanmajak sungata öwrülen el işleri bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, asylly ýörelgelerini yzygider dowam etdirýärler. Bu döwrebap işjeňlik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda hem aýdyň duýuldy.

Kalplary eşretli zamanamyza bolan buýsançdan doly ýaş nesilleri ruhy we ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemegi, köpasyrlyk däplerimizi aýawly saklamagy we baýlaşdyrmagy, taryhy we medeni gymmatlyklarymyza bolan söýgini berkitmegi, şeýle hem türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmegi, ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza, el işlerine bolan höwesi artdyrmagy maksat edinýän bäsleşigiň welaýat tapgyry gyzgalaňlylygy we baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy.

Welaýatymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar jaýynyň sahnasyny bezeýän, ussatlyk bilen döredilen el işleriniň, gülleri gözüňi dokundyrýan keçeleriň ajaýyp nusgalary bäsleşigiň owadan görnüşleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Şeýle görnüşlerden ylhamlanan zenanlar bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüňi saýlap almak we saýmak, daramak, boýamak, ondan pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak işlerini ýerine ýetirdiler we keçäni taýýarlamak üçin zerur gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada täsirli gürrüň berdiler.

Bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar öz welaýatymyzyň aýratynlyklaryna görä, milli nagyşlary salyp, keçäni güllemekde çalasynlyk bilen hereket edip, öz başarnyklaryny açyp görkezdiler. Keçä salnan nagyşlar türkmen sährasynyň gözelligine çalym edip, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini göz öňünde janlandyrdy.

Bäsleşigiň üçünji şertinde gadymy hem müdimi senedimiz bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlar, yrymlar, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlar, degişmeler, gazallardyr aýdyşyklar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi. Bäsdeş zenanlar belent sepgitleri nazarlaýan täze döwrümizi özleriniň şahyrana setirleriniň, sahnalaryň üsti bilen çeper beýan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet eçildi.

Owadan öwüşginli işleri bilen ýeňiji bolan zenanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gunça ARTYKOWA,
«Daşoguz habarlary».

 

* * *

Bazargül ANNAÝEWA,

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy:

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagyň söýesi, jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda tutanýerli zähmet çekip, döwrümizi beýgeltmäge saldamly goşant goşýan mähriban zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Bu günki gün olaryň sungat eserine çalym edýän milli el işleriniň, döredýän halydyr keçeleriniň at-owazasy dünýä dolýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandym. Türkmen milli keçesini döretmegiň inçe usullary barada bäsleşige gatnaşýan zenanlar bilen pikir alyşmaga mümkinçiligiň dörändigine diýseň begenýärin. Bize şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, medeni mirasymyzy mynasyp dowam etdirmäge, türkmen milli halydyr keçelerimiziň ajaýyp nusgalaryny has gözelleşdirmäge, olary geljekki nesillerimize ýetirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm