2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Welaýat zenanlar bölüminde

Täze wezipeler kesgitlenildi

 

Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň maslahaty boldy. Oňa şäher, etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklarydyr işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TAPnyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, TZBniň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Güljemal Nazarowa alyp bardy.

Maslahatda Mary şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa welaýat häkiminiň orunbasary Arzygül Orazowany TZBniň welaýat bölüminiň başlygy wezipesine we geňeş agzalygyna saýlamak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar bu teklibi biragyzdan goldadylar.

Maslahatyň dowamynda TKAnyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Jennet Agaýewa, Sakarçäge etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Sülgün Babaýewa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, mährem ene Gurbanbibi Hanowa çykyş etdiler. Çykyş edenler welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Maslahatda TZBniň welaýat bölüminiň geňeş agzalarynyň täze düzümi tassyklanyldy we dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlaryň birnäçesi geňeş agzalygyna saýlanyldy.

Soňra welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy A. Orazowa çykyş edip, welaýatyň zenanlarynyň agzybirlikde zähmet çekjekdiklerine uly ynam bildirip, geljekde öňde goýlan wezipeler barada giňişleýin durup geçdi we maslahaty jemledi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar zenan mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürek buýsançlaryny alkyşly sözler bilen beýan etdiler.

 

Bahargül MEJIDOWA.

«Maru — şahu jahan».

TZBniň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.

SURATLARDA: maslahatdan pursatlar.

Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

Maru-şahu jahan gazeti.

***

Lälereýhan keşdeler

 

Zenan diýlende, arassa ahlakly, edepli terbiýeli, mähirli, edenli ynsan göz öňüňde janlanýar. Şeýle zenanlar, elbetde, türkmen halkymyzda kän. Il içinde türkmen zenany hakyndaky täsirli gürrüňleri diňläniňde özüňi bagtly hasaplaýarsyň.

Maşgalada oglan çagadan, gyz çaga has köp üns berilýär. Çünki, biziň halkymyzda: «Gyz — öýüň ýaraşygy», «Gyzym bar — gymmatym bar» diýilýär. Gyz maşgalany akyllybaşly, asyllyahlakly, işliişjanly, atlyabraýly edip ýetişdirmek, enäniň paýyna düşýär. Sebäbi, gyz çaga, esasan, eneden görümgörelde alýar, enäniň her ädimini gaýtalaýar. Has dogrusy, gyz maşgalanyň salyhatly kemala gelmegi üçin ene hem özüni ýerlikli alyp barmaly. Aýratynam, her bir ene gyzyny el işlerine ugrukdyrmaly.

Häzirki döwürde gyzgelinler el işlerini uly höwes bilen ýerine ýetirýärler, geýjek egin eşiklerini dürli keşdeler bilen bezäp, millilige uýýarlar. Munuň şeýledigine durmuşa çykjak gyzyň elbukjasyndaky owadan nagyşlar bilen sünnälenip bejerilen milli lybaslaryny synlanyňdada, göz ýetirmek bolýar. Bütin barlygyň gözelligini özünde jemleýän lälereýhan ýaly keşdeler gyz maşgalanyň durmuşyna bezeg berýär. Keşdeler biziň milliligimizi baýlaşdyrýar, dünýämizi ýazlaşdyrýar.

 

Aýgül BABAÝEWA.

Welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toýdabaralar merkeziniň başlygy, TZBniň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm