2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Iş bitirseň, il tanar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasy welaýatda baýrylaryň hatarynda tanalýar. Bu ýerde çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi döredijilikli zähmet çekýär. Olaryň asylly zähmetiniň netijesinde nepis türkmen halylarynyň ene-mamalarymyzdan miras galan görnüşleri gaýtadan dikeldilýär. Täze röwüşdäki ilhalar nusgalar hem dokalýar. Owadanlygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýän ajaýyp halylara we haly önümlerine islegiň barha artmagy, ýerlerden gelýän buýurmalaryň hem köplügi kärhananyň iş örüsini giňeldýär. Gazanylýan üstünlikde Türkmengala, Ýolöten, Sakarçäge, Baýramaly etraplarynda, Mary şäherinde hereket edýän haly önümhanalarynyň ussat halyçylarynyň mynasyp paýy bar.

2021-nji ýylyň awgust aýynda kärhananyň Baýramaly haly önümhanasy işe girizildi. 150 halyça niýetlenen önümhana 2 gatdan ybarat bolup, bu ýerde gelin-gyzlaryň gözlegli hem-de öndürijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertler döredilipdir. Täze binada halypa halyçylaryň ýaşlara baş bolup durmagy işiň ilerlemegine, öndürijiligiň artmagyna, täze nusgalaryň dokalmagyna giň mümkinçilik berýär.

Önümhana Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Orazsoltan Baýramowa ýolbaşçylyk edýär. Ol indi biregne 50 ýyldan gowrak wagt bäri halyçy bolup zähmet çekýär. Ýaşlygyndan bu inçe sungata göwün beren Orazsoltan entek Baýramaly şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýarka, ejesi Ogulsabyr ejäniň haly dokaýşyna höwes edip, käbesine kömekleşýär. Ondan bu sungatyň gizlin syrlaryny, syndy, keser, darak ýaly zähmet gurallaryny işletmegiň ähli tärlerini öwrenýär.

Mekdebi tamamlansoň, 1971-nji ýylda Mary çeper halyçylyk kärhanasynda halyçy bolup işe başlaýar. Ol halypa halyçylaryň arasynda tutanýerli zähmet çekip, has-da taplanýar, ussatlyga ýetişýär. Söýgüli kesbi-kärini öz jigilerine, gelnejelerine we başga-da birnäçe şägirtlerine öwredýär. Orazsoltanyň şägirtleriniň içinde halypa çykanlary-da bar.

«Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýlişi ýaly, Orazsoltan Baýramowa bu gün kärdeşleriniň arasynda uly abraý-hormatdan peýdalanýar. Ussadyň döşüni «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly nyşan we «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly bezeýär. Onuň zähmet çekýän kärhanasynyň ezber elli halyçylary şu ýylyň birinji ýarymynda 950 inedördül metr haly we haly önümlerini dokap, gowy netijelere eýe boldular. Olar şol döwürde 1040,72 inedördül metr haly we haly önümlerini ýerlemegi hem başardylar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
Türkmenistan gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm