Bir buýsandyryjy hakykaty turuwbaşdan nygtamaly: soňky ýyllarda türkmenistanly agyr atletikaçylar giden ýerinden getirýän, tutan işlerini bitirýän ýigitlerimize, gyzlarymyza öwrüldi. Niçikmi, olar halkara ýaryşa gitseler, medala garaşyber! Şu gezek hem şeýle boldy. Ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçen Aziýanyň çempionatynda jemi 20 medala mynasyp boldy. Munuň özi türkmenistanly türgenleriň döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyna ajaýyp sowgadydyr.
Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa, Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew, «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow we Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülälek Kakamyradowa dagy bu ýaryşda dürli derejeli medallary gazandylar.
Çempionatyň soňky günlerinde ýygyndymyzyň ýene üç medalyny Surajbek Sapaýew gazandy. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy ýetginjekleriň arasynda 96 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Alty synanyşygynyň üçüsini üstünlikli amala aşyran ýaş türgen ştangany silterläp götermekde 135 kilogramlyk agyrlyga ýetip, bu görnüşde bürünç, iteklemekde 159 kilogram agyrlygy eýgerip, kümüş, iki görnüşiň jeminde bolsa (294 kilogram) kümüş medaly gazandy.
Anamjan Rüstemowa bolsa birbada iki ýaş derejesinde (hem ýetginjekler, hem ýaşlar) Aziýanyň wise-çempiony bolmagy başardy. Aşgabatdaky «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.
Ýaryşda alty medala eýe bolan Anamjan ýetginjekleriň ýaryşynda üç kümüş, ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa iki kümüş we bir bürünç medal gazandy. Has takygy, geljegine uly ynam bildirilýän agyr atletikaçy gyz iki görnüşiň jemi boýunça 201 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şunda onuň silterlemekde 88, itekläp galdyrmakda bolsa 113 kilogram agyrlygy göterendigini habar berýäris.
Umuman, şu ýyl ýurdumyzyň ýetginjek we ýaş agyr atletikaçylary üçin üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Olar ýakynda Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda hem medallaryň birnäçesini gazandylar. Bu bolsa agyr atletikanyň Türkmenistandaky şanly taryhynyň geljekde-de parlap, dünýä çykjakdygyny buşlaýar.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».