BAHAR-ÝAZLY KEÇELER

Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde gurady.

Jemleýji bäsleşige onuň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Türkmen keçeleriniň gadymy nusgalaryny dikeltmek, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik üç şertden ybarat boldy.

Çeper elli zenanlar birinji şert boýunça türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işlerde, ýagny ýüň saýlap almakda, saýmakda, daramakda, boýamakda, pişge etmekde, keçe basmakda we onuň gamşyny dokamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler.

Ikinji şertde gelin-gyzlar bellenen wagtda, öz welaýatlarynyň aýratynlyklaryna görä, gadymy «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Saýlan», «Gülýaýdy», «Sekiz goçak», «Gelinbarmak», «Gapyrga», «Öküz oňurga», «Gonjuk», «Hindi goçak», «Içýanagyz», «Tazy guýruk», «Saýlap», «Barmak» ýaly milli nagyşlary salyp, boýy 1,5, ini 1 metr bolan keçäni gülläp taýýarlamak boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň üçünji şertinde oňa gatnaşyjylar ene-mamalarymyzdan miras galan, gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary, öz ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň we çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler.

«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Aşgabat şäherinden Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy Akjemal Saparowa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Alma Orazmyradowa baş baýraga eýe boldular. Ahal welaýatyndan Kaka etrabynyň ýaşaýjysy, öý hojalykçy Maýa Nuryýewa we Tejen etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Annasoltan Sähetgurbanowa 1-nji orna, Balkan welaýatyndan Esenguly etrabynyň Bugdaýly oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Gülruh Niýazmyradowa we Türkmenbaşy etrap medeniýet merkeziniň hünärmeni Tuwakgül Meredowa, Daşoguz welaýatyndan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Bazargül Annaýewa we Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň Allaýaroý oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Läle Durdyýewa 2-nji orna mynasyp boldular. Lebap welaýatyndan Saýat etrabynyň Sakar şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň usulçy-guramaçysy Maýa Annakowa we Saýat etrabynyň Sakar şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Maýsa Ýazmyradowa, Mary welaýatyndan Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýbibi Aşatowa we Mary welaýatynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň hünärmeni Oguljemal Momatakowa 3-nji orny eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

(Ýörite habarçymyz).

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

“Türkmenistan” gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm