Maşgalada her bir ata-enäniň ilkinji borçlarynyň biri ogul perzendi ýetişse, öýerip, öýli-işikli etmekden, gyzy kämillik ýaşyna ýetse, mynasyp ýere durmuşa çykarmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin-de ogul öýermegiň arzuwynda ýören mähriban enelerimiz hemişe gelinlik üçin eli çeper, dili şeker gyzlaryň gözleginde bolýar. Eli çeper diýen düşünje bolsa çuňňur mana eýe bolup, köp ugurlary özünde jemleýär. El işlerinden baş çykarýan gyza eli çeper, hünär eýesi diýilýär. Gyz maşgala syn berlende onuň edep-ekramy bilen bilelikde eli hünärliligine hem aýratyn üns berýärler. Aslynda el hünäri zenan dünýäsini bezeýän ajaýyp sungatdyr. Maşgalada gyz maşgalanyň çeper elli bolup ýetişmeginde enäniň, onuň ýeňňeleriniň göreldesi has uludyr. Bir söz bilen aýdylanda, olaryň görüm-göreldesi uly mekdepdir. Şonuň üçin-de halkymyzda ajaýyp sungat bolan el işleri gyzlaryň her biriniň maşgalada kiçiliginden öwrenýän hünäri bolup, eneden gyza nesilme-nesil geçip gelýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynda : «Ejem dynman zähmet çekerdi, begres, çabytlary tikerdi. Ol zenanlaryň bu arzyly eşigini tikmegiň ussadydy. Men ejemiň ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandygyna buýsanýaryn» diýip, belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň baldyzynyň durmuş toýuna niýetläp, çeper elleri bilen sünnäläp bejeren, kalbynyň mährini siňdiren kürtesi hem-de ören gülli joraby Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylyp, olar türkmen senetçiliginiň naýbaşy nusgalary hökmünde muzeý gymmatlygyna öwrüldi. El hünäriniň ussady Ogulabat ejäniň kürtäni baldyzy üçin niýetläp bejermegi onuň maşgalasynda gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz gatnaşyklarynyň, birek-birege bolan sylag-hormatyň uludygyny, agzybirligiň mäkämdigini görkezýär. Türkmen maşgalasynda baldyz bilen ýeňňe ikisiniň boýdaş ýaly bolýandygy hakykatdyr. Gelin-gyzlarymyza el hünärini öwretmekde halypalyk goluny uzadyp gelýän Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren ajaýyp kürtesi, gülli joraby, begresdir alajalary we beýleki çeper el işleri nesillerimiz üçin milli mirasymyzyň nusgalyk sungat eserleridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabyndaky: «Akýal mele reňkli taýçanaga käbämiň ören alajasyny dakdym» diýen setirleri okanyňda hem onuň el hünäriniň ussady, mähriban käbesi Ogulabat ejäniň el işlerine uly sarpa goýup, buýsanýandygyna guwanýarsyň. Goý, mähriban ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize gelip ýeten nepis nusgalarymyz, el işlerimiz has-da kämilleşip, ajaýyp gözellige eýe bolup dowamat-dowam bolsun!
Gurbangözel GULAMOWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Ahal durmuşy gazeti.