2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Sagdyn jemgyýet — bagtyýar geljek

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda dabaraly maslahatlar geçirilýär. «Buýsanç bilen Watanymyzyň belent ösüşlerine tarap» diýen at bilen guralan şeýle maslahatlar Türkmenabat şäher häkimliginde we «Farap» şypahanasynda hem geçirildi. Oňa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatlaryň dowamynda degişli edara-guramalaryň jogapkär işgärleri ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetiň agzybirligini berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler. Maslahatlarda lukmanlaryň sagdyn nesli kemala getirmekde, ýetginjekleri saglyga zyýanly endiklerden goramakda, çaganyň irki ösüşi barada aladalanmakda, zenanlaryň tebigy gözelligini saklamakda durmuşa geçirilýän möhüm işler dogrusyndaky çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Bu ugurda tagallalary birleşdirip, hemmetaraplaýyn iş alyp barmagyň hökmanydygy dogrusynda aýratyn nygtaldy.

Berkarar döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny gazanmak, berk bedenli nesilleri kemala getirmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary, döwlet syýasatynda öňe sürýän wezipeleri maslahatlarda edilen çykyşlaryň esasyny düzdi. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkyň asuda durmuşda ýaşamagy, şeýle-de ýaş nesliň döwrebap bilim alyp, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda durmuşa geçirýän asylly işlerine buýsanç we hoşallyk duýgulary maslahata gatnaşyjylaryň kalplaryny gurşap aldy.

 

Amangeldi Jumaýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.      

Surata düşüren Merdan Orazow.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm