Golaýda Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata mährem eneler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Daşoguz şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçy gyzlary we mugallymlar gatnaşdylar.
Dabarada guralan çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda edep-ekram düşünjesini tug edinen halkymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň türkmen maşgalasyna mahsus milli mukaddeslikleriň, edim-gylymlaryň, ahlak ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi, sypaýylyk, hoşgylawlylyk, mähir-mylakatlylyk ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň türkmen gyzlarynyň mertebesini has-da beýgeldýändigi nygtalyp, ýaş gyzlara milli el işleriniň ähli görnüşleriniň ýaşlykdan öwredilmeginiň aýratyn üns merkezinde saklanylmalydygy ündeldi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi, halkymyzyň parahat, asuda ýaşaýşyny üpjün etmek barada irginsiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gunça ARTYKOWA,
zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.