2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zenan zähmetiniň miwesi

Bag dünýäniň zynaty hasaplanylýar. Bak ekip, bakylyga ýetilýär, ýagşy işlere ýaran bolunýar. Ýagşylyk eden adamy bolsa il-gün hiç wagt unutmaýar. «Bag ekeniň ömri uzak», «Bag ekeniň bagty açyk», «Bag barsyz bolmaz — at timarsyz», «Armyt pudagynda sallanar, ýere düşse ballanar», «Bagym bar — barym bar» diýen nakyllarda hem bu päk zähmetiň waspy mynasyp şöhlelenýär. Bag ýetişdirmek, onuň peýdasy hakynda gürrüňe gutarma ýok. Bagbançylygy hemra edinen ildeşlerimiziň durmuş ýoly, zähmet tejribesi bilen tanşanyňda, olaryň ýetişdirýän ir-iýmişleriniň tagamynyň tutuş ykbalyny-da süýjüdendigine magat göz ýetirýärsiň. Bagbançylykdan bagt tapan ildeşlerimiziň biri hem Saýat etrabynyň Çarbagdepe geňeşliginiň Miweçiler obasynyň ýaşaýjysy Aýna Ýazmämedowa. Mugallymçylyk işinden daşary maşgalasy bilen bag ýetişdirýän bu zähmetsöýer zenan bilen bag ekmegiň, ony idetmegiň aýratynlyklary barada pikir alyşdyk.

— Hiç bir hünäri halypasyz özleşdirmek, kämillik derejesine ýetirmek asla mümkin däl. Bagbançylyk ugrundan toplan ähli tejribelerim üçin men öz gaýynenem, hormatly dynç alşa çykýança şu obada kärendeçi bagban, oba zähmetkeşleriniň topar ýolbaşçysy ýaly kärlerde işlän Şasenem Nazarowa köp sagbolsun aýdýaryn. 2001-nji ýyldan bäri şu döwletli ojaga, Jumanyýazowlaryň maşgalasyna gelin bolup düşen günümden bäri gaýynym meni bu hünäre höweslendirip, onuň inçe syrlaryny öwretdi. Indi men hem 21 ýyldan bäri maşgalam bilen bu mukaddes käri mynasyp dowam etdirýärin. Biziň iki gektar bagçylyk kärende ýerimiz bar, şeýle-de şahsy hojalygymyzda-da baglary şänikden gögerdip, olary sapmak işlerini hem alyp barýarys.

Ýaş nahallar hem edil çagalar ýaly ynjyk hem, näzik bolýar. Ýetişýänçä zähmetiňi, yhlasyňy gaýgyrmaly däl. Her nahalyň idedilişiniň we sapylyşynyň öz häsiýetine görä aýratynlygy bar. Bagyň boýy näçe pes bolsa hasyly hem şonça ýokary bolýar. Baglaryň düýbüni güýzde ýumşadyp, gyrkym işlerini geçirmeli, haşal otlardan arassalap, superfosfat döküni bilen iýmitlendirmeli. Çünki bu dökün bagyň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Suwaryş işlerini bolsa mümkin boldugyça howanyň salkyn wagty irden ýa-da agşamlaryna amala aşyrmaly. Baglaryň haýsydyr bir kesele uçranyny gülünden, ýapragyndan aňyp bolýar. Bejergi üçin ýörite dermanlary ulanmaly. Hasyllylygy we ömür dowamlylygy boýunça baglar dürli-dürlüdir. Meselem, erik agajy 50-60, üzüm 30-40, şetdaly, armyt bolsa 10-15 ýyl töweregi ýaşap, hasyl bermäge ukyply bolýar.

Sahawatly güýzüň gelmegi bilen bagbanlar üçin hasyl möwsümi başlandy. Baglarymyzdan almanyň, üzümiň, behiniň, armydyň we giçki alçanyň hasylyny ýygnap başladyk. Bereketli baglarymyzdan alýan hasylymyzy ak bazarlarymyza ugradýarys. Güneşe baý topragymyzdan bol hasyl almaga, halal zähmetimiziň hözirini görüp ýaşamaga döredilýän giň şertler üçin Arkadagly Serdarymyza tutuş maşgalamyzyň adyndan alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Atanyýaz HANGELDIÝEW,

ýörite habarçymyz.

Türkmen gündogary gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm