2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MÄHRIŇDEN MÄHIR EÇILEN GÜLLER

2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde guramaklarynda “Mähriňden mähir eçilen güller” atly  gülleriň sergi bäsleşigi geçirildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygyndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän-gül açýan parahat, erkana Watanymyzyň her bir raýaty ajaýyp durmuşda ýaşaýar, döredýär,gurýar.

Ýurdumyzda gurulýan gözel binalar, dünýäni haýrana goýýan, halkymyz üçin döredilýän şertler, milli däp-dessurlarymyz, gadymdan gelýän toýdur baýramlarymyz, bimöçber özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşy görülüp-eşidilmedik derejede ösýär, özgerýär, gülleýär, gül açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň hal-ýagdaýynyň barha ýokarlanmagy,durmuşyň gözelleşmegi,  raýatlaryň ruhy gymmatlyklarynyň ösmegi, adamlaryň kalbynyň we daşky keşbiniň,olaryň milli ruhy duýgularynyň, geýýän  milli lybaslarynyň gözelleşmegine düýpli täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjülikli syýasaty netijesinde, dünýäni haýrana galdyrýan  ösüşleri aýan etmek, önümçilikde zähmet çekýän gülçi bagbanlaryň päk ýürekden çeken halal zähmetini dabaralandyrmak, olaryň ruhy baýlyklaryny artdyrmak, gözellige söýgi döretmek, ata Watan, agzybir halkymyza,bizi bagtyýarlyga alyp barýan mähriban Arkadagymyza wepadarlygy ündemek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde guramaklarynda “Mähriňden mähir eçilen güller” atly  gülleriň sergi bäsleşigini yglan edildi.

Ady agzalan gülleriň sergi bäsleşiginiň Düzgünnamasynyň talaplaryna we şertlerine laýyklykda, bu gülleriň sergi bäsleşigi Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyldy. Bäsleşik 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda sagat 10:00-da başlanyp, Türkmenistanyň  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirildi.

Bäsleşige öz käriniň ussady bolan 5 topardan ybarat bolan, her toparda 3 adam boldy. Bäsleşige Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň degişli müdirliklerinden ak ýürekden, halal zähmet çekýän gülçi bagbanlaryndan döredilen toparlar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň 1-nji şertine görä,bäsleşip, bäsleşige gatnaşýan her topar özlerine bellenilen ýerde owadan güllerden eziz Diýarymyzyň ösüşlerini suratlandyrýan eserleri döretdiler we oňa döwrebap at berip,gülleriň sergisini gurnadylar.

 Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň 2-nji şertine görä bolsa,bäsleşige gatnaşýan toparlar guran güller sergisini we öz hünärine bolan söýgüsini wasp edip,dowamlygy 5-10 minutdan ybarat bolan edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň 3-nji şerti boýunça  dünýäde bar bolan ösdürilip,ýetişdirilýän gülleriň atlaryny yzygiderli 3 minudyň dowamynda sanap,aýdyp berdiler.

Bäsleşigiň barşynda bäsleşige  gatnaşýan gülçi bagbanlaryň kärine  we hünärine bolan söýgüsine, başarnyklaryna, milli lybaslaryna, zehinlerine, taýýarlan sergisine, hereketleriniň sazlaşygyna we sözleýiş medeniýetine bäsleşigiň ýeňijisi saýlaýan emin agzalary tarapyndan aýratyn üns berildi.

Aşgabat şäher häkimligi bilen onuň garamagynaky Jemagat hojalygy müdirligi  gülleriň sergisini ýokary derejede taýýarlykly we guramaçylykly geçirmekligi doly başardylar.

Ady agzalan bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşikde Baş baýraga, 1-nji,2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijilere tapawutlandyrylan baýraklary we bäsleşige gatnaşan beýleki toparlara bolsa  höweslendiriji baýraklary berildi.

Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu bäsleşik Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza  bolan belent söýgüsi barada bu bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tele we radio ýaýlymlarynda çykyş etdiler, şeýle hem  baýramçylyk gutlaglaryny hem-de mähriban Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyk sözlerini we özleriniň isleg-arzuwlaryny aýdyp,beýan etdiler.

Bäsleşigiň barşynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde guramaklarynda ýokary derejede taýýarlykly we guramaçylykly, täsirli geçirilen “Mähriňden mähir eçilen güller” atly  gülleriň sergi bäsleşigi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleýaýlymlaryna ýazgy edildi.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm