2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zenan türgenlerimiziň uly üstünligi

Şu ýylyň 22 ― 23-nji oktýabrynda Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinden, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan türgenleriň 91-si gatnaşdy.

Çempionatda zenan türgenler agram derejeleriniň 10-sy boýunça bäsleşdiler. Onda ildeşlerimiz örän şowly çykyş etdiler. Olar medallaryň jemi 26-syny gazanmagyň hötdesinden geldiler. Şolaryň 6-sy altyn, 8-si kümüş, 12-si bolsa bürünç medallardyr. Bäsleşikde ildeşlerimiz Enejan Nurmyradowa (50 kilograma çenli), Selbi Zahyrowa (53 kilograma çenli), Laçyn Annamyradowa (55 kilograma çenli), Gülnara Begenjowa (59 kilograma çenli), Maýsa Seýilhanowa (62 kilograma çenli), Jahan Muhammedowa (76 kilograma çenli) ýurdumyzyň çempiony boldular. Çempionatyň jemi boýunça welaýatymyzyň topary birinji orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlara degişlilikde Aşgabat şaheriniň we Daşoguz welaýatynyň türgenleri mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň baş kätibi Baýram Orazmämmedow çempionatyň jemi boýunça baýrakly orunlary eýelänlere degişli derejeli medallary we ýadygärlik sowgatlary gowşurdy. Bu ýaryş türgenlerimiziň tejribe toplamaklarynda, olaryň taýýarlyk derejelerini gözden geçirmekde ähmiýetli boldy. Bu bolsa öňde durýan jogapkärli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ýardam berer.

 

Rozyjuma MEREDOW,

Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň erkin göreş boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, alyş göreşi boýunça halkara derejeli emin.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm