Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmaklaryny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir» diýip belleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Parlamentara hyzmatdaşlygy has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmegi we Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna Başlyklyk etmegi bilen, ýurdumyzyň parlament işi ýokary täze hil derejesine eýe boldy.
Şu ýylyň 8-9-njy sentýabrynda Parlamentleriň zenan spikerleriniň 14-nji sammitine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň, gadyrly gatnaşyklarynyň ýene-de bir mysalyna öwrüldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygynda Türkmenistanyň dostlukly Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ýokary baha berlip, ýakyn goňşy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ählitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Netijede, parlamentara dialogy ýurtlaryň arasynda ählitaraplaýyn we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde, parlamentara hyzmatdaşlyk babatda öňe sürülýän meýilleri kesgitlemekde, ýurdumyzyň diplomatiýasynyň rowaçlanmagynda hem-de halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde we tutuş dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli, döredijilikli ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Ýurdumyzda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde pandemiýa garşy göreşmek, saglyk ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ylaýta-da, durmuş-ykdysady görkezijileriniň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Geçirilen sammitiň dowamynda, esasan, ýurtlaryň ykdysady durnuklylygyny, ekologiýa abadançylygyny gazanmak, ilata asuda durmuş şertlerini üpjün etmek ýaly meselelere seredildi. 20-den gowrak döwletiň, parlament wekilleriniň 120-siniň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň gün tertibi netijeli durnuklylyk we gülläp ösüş ugrunda gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek boýunça parlament üçin esasy wezipeleri we meseleleri kesgitlemäge gönükdirildi. Bu bolsa ýurdumyzyň gender syýasaty ulgamyna jogapkärli çemeleşýändigini subut edýär.
Bulardan başga-da, sammitiň barşynda aýallaryň hukuklaryny goramakda parlamentiň möhüm orny, COVID-19 pandemiýasynyň, aýratyn hem, zenanlara eden täsiri netijesinde olary goldamak babatda geljekde göz öňünde tutulýan çärelere möhüm ähmiýet berildi. Çünki zenanlaryň hukuklaryny goramak dünýäde döreýän kynçylyklary ýeňip geçmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, munda zenan ýolbaşçylaryň, hususan-da, Parlamentiň zenan ýolbaşçylarynyň möhüm ornunyň bardygy aýratyn nygtaldy.
Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda Parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagyna, şol sanda zenan parlamentarileriň ornuny ýokarlandyrmaga, gender deňligini goramak meselesinde toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn çemeleşmek usulyna ygrarly bolmagynda galýar. Ýurdumyz gender deňligi bilen bagly köp sanly halkara resminamalara goşulyp, milli kanunçylygymyz halkara hukuk kadalaryna we ýörelgelerine laýyk gelýär. Döwletimiz bu ugurda iri halkara guramalar bilen ýakyn arabaglanyşykda iş alyp barýar, ählumumy derejede kabul edilen kadalaryň pugta berjaý edilmegini aýrylmaz şert hökmünde belleýär. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşyna aýallary çekmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň işi sazlaşykly utgaşýar.
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda bolsa paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň gatnaşmagynda dialog geçirildi. Zenanlaryň dialoglarynda soňky 30 ýylda gender deňligini gazanmakda, zenanlaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyny ýokarlandyrmakda alyp barýan syýasatyny we gazanylan öňegidişligini goldamakda wajyp resminama hökmünde kabul edilen Jarnama laýyklykda, ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat we sport babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de giňeltmek boýunça zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklary goldamak göz öňünde tutuldy.
Bularyň ählisi ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda halkara standartlaryny geljekde hem ilerletmekde oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam bermek bilen, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Ählumumy gün tertibiniň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň hem-de Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça onýyllyk hereketleriň, Pekin Jarnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda işlenip taýýarlanylan beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryň wezipelerini çözmegiň hatyrasyna sebit gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda netijeli ädimdir.
Bu günki gün zenanlar Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerine uly goşant goşmak bilen, özleriniň ukyp-başarnyklaryny halal zähmetlerine siňdirýärler. Dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekip, dünýäde barha rowaçlanýan döwletimiziň üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar. Enelerimiziň ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, halal zähmet çekmekde gazanýan üstünlikleri döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Il içinde hormatly enelerimiziň Döwlet Maslahatyna, jemgyýetçilik guramalarynyň işine, dürli terbiýeçilik hem-de döwlet derejesindäki baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, ýaşlara görelde görkezmekleri hemmeler, ylaýta-da, ýaş nesil üçin nusgalyk ýörelgedir.
Umuman, ýurdumyzda zenan mertebesiniň şeýle belent tutulmagy bagtyýar durmuşyň berkarar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Bu gün türkmen zenanlary özlerini iň bagtyýar ynsanlar hasaplaýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalarynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, zenanlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge ymtylmak bilen, tutuş dünýä döwletleri üçin nusgalyk görelde bolup çykyş edýär. Türkmen zenanlarynyň başarjaňlygyna, ugurtapyjylygyna, zehinine, beýik ahlagyna, edep-ekramyna, zähmetsöýerligine, wepalylygyna dünýä halklary aýratyn uly baha berýärler. Zenanlara goýulýan sarpanyň elýetmez derejelere göterilmegi ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň ynsanperwerlige ýugrulandygyny görkezýär. Amala aşyrylýan beýik işler asuda jemgyýetimiziň girewi bolup çykyş edýär.
Zenan mertebesini hormatlamak, gender syýasatyny ilerletmek we jemgyýetde oňyn durmuş kadalaryny öňe sürmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy.