Gaýyn-gelin gatnaşygy — maşgalanyň ýaraşygy

Şeýle şygar bilen golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlige Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Erikgül Kadyrowa, Gubadag etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň müdiri Gözel Amanowa, Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Gökjäýewa, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy Arazbibi Kulyýewa dagy gatnaşyp, özara pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlige gatnaşan zenanlaryň ählisi-de gaýyn-gelin gatnaşygy çygryndaky gürrüňlerinde durmuşda gabat gelen ýagdaýlaryň mysallaryna salgylandylar. Şonda maşgala bagtyýarlygynyň maşgala agzalarynyň özara gatnaşygyndan emele gelýändigi, gaýyn-gelin gatnaşygynyň bolsa maşgalanyň binýadynyň berk bolmagyndaky esasy wezipe bolup durýandygy barada aýdyldy. Gaýyn-gelin gatnaşygynda iki tarapa-da, esasan-da, gaýyn enä köp zadyň baglydygyny, iki maşgalanyň terbiýesiniň birmeňzeş bolmaýandygy nukdaýnazaryndan, gaýyn enäniň gelen gelniň şol öýe garylyp gitmeginde uly orny bolup, sypaýyçylyk bilen gelni maşgala goşmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaly däldigini nygtap geçdiler. Käbir ýagdaýlarda gaýyn eneleriň howaýy bir hereket edip, gelen gelni öýüň girim-çykymy bilen tanyşdyrmazdan, gaýtam ondan birbada köp zatlary talap edýändigi, şu ýagdaýda gelniň öz ejesinden alan terbiýesiniň ýa-da bolmasa, gyzy gaýynyndan zeýrenen halatynda durmuşda gabat gelýän kynçylyklary diňe gowulyk bilen ýeňip geçip, maşgalany abadan saklamalydygy barada mähriban käbesinden berilýän öwüt-ündewleriň, hoşamaý sözleriň, durmuşy mysallaryň ähmiýeti bilen maşgalada asuda durmuşyň gazanylýandygy barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.

— Lebap welaýatyndan Gubadag etrabyna gelin bolup düşdüm. Ýanýoldaşym bilen halaşyp durmuş gurduk. Atam öýümde örän erke saklanyp, öýüň işinden, tikin-çatyndan hiç hili başym çykmaýardy. Enem-atam bar ünsümi okuwyma gönükdirip ýörenim üçin meni durmuşa taýýarlamak wezipesini soňa goýýardylar. Nika gaýypdan diýleni, ýazgydymda entek durmuşa çynlakaý seredip başlamazdan has irräk maşgala gurmak bar eken. Gaýynata, gaýynene, ýanýoldaşym hem alty sany ýüwürji. Durmuş birbada maňa örän düşnüksiz hem kyn göründi. Gaýynenemiň talabediji nazary, öýüň girim-çykymy baradaky berýän sapaklary, maşgalada ähli adamlaryň keşigini çekmek boýunça wezipeler — bularyň bary ilkibada howumy basmanam durmady. Men gyz perzent bolsamam, kakamy özüme has ýakyn saýardym. Durmuşa çykmaly bolanymda kakamyň: «Hyzmatdan gaçman, öwredileni alyp, özüňi tanadyp bilseň, nirede bolsaňam ýaşap bolar» diýen sözleri hemişe gulagymda ýaňlanyp, maňa teselli bolýardy. «Gaýynenem — bir enem» diýleni hakykat eken. Öz ejemden öwrenip ýetişmedik durmuş sapaklarymyň ählisini gaýynenem birkemsiz öwretdi. Şu günki gün meniň özümem gaýyn ene. Özümiň häzirki durmuşym üçin gaýyn enemden ömürbaky minnetdar. Çünki men diňe bir gelin ýa-da eje bolman, ähli hünärden baş çykarýan zenan boldum — diýip, Gözel Amanowa gürrüň berýär.

— Gaýyn-gelin gatnaşygynda, esasan, ýaşmagyň orny uly. Çünki ýaşmak gelni diňe bir asylly görkezmän, eýsem, köp babatda sabyrlylygyň esasy çelgisidir. Erkin ösüp, keseki bir gapydan gelin bolup barmak, elbetde, islendik zenanyň sussuny basýar. Gelin bolan günümiň ertesi gaýyn enem: «Gelin, gaýyn ataň telpegi bilen öýi süpür, içmegini ýuwup ser!» diýdi. «Gaýynyň sözi gelin üçin kanun bolýandyr» diýip, ejem jan bize sargyt ederdi. Şol maksatdan gaýynenemiň buýran ýumşuna tas häzirlenipdimem welin, birdenkä içmegiň ýuwulmaýandygyny bir ýerlerde okanym ýadyma düşüp, ony üm bilen gaýynyma ýetirdim. Şol hem meni gaýyn enemiň ilkinji synagyndan alyp geçdi. Bu gaýyn-gelin gatnaşygynda sypaýyçylyk bilen talabedijiligiň bitewüleşip, maşgalanyň binýadynyň berkligini üpjün edýän ýagdaýlar eken. Oňa indi özüm gaýyn ene bolup, hakyky göz ýetirdim.

Maral Gökjäýewanyň bu gürrüňlerine Erikgül Kadyrowa hem goşuldy:

— On ýyldan bäri Geňeşiň arçyny bolup işläp gelýärin. Kähalatlarda her hili ýagdaýlara duş gelinýär. Şondan çen tutup, maşgala agzybirligini goramakda, gaýyn-gelin gatnaşygyny pugtalandyrmakda gelen gelniň terbiýesine, onuň ene-atasyna köp zadyň baglydygyna göz ýetirip gelýäris. Dogry, käbir gaýyn gelni öz gyzlary bilen aýrybaşgalamaýar, käbirleri aýra tutýar, käbirleri ogluny gelninden gabanýar. Nähili bolanda-da, maşgala bolaýyn, perzent terbiýeläýin diýen niýetli gelin ähli kynçylygy, synagy ýeňip geçýär. Şonda onuň ene-atasynyň goldawynyň, öwüt-ündewleriniň netijesi görünýär. Ýene bir ýagdaý bolýar, gelen gelin howaýy hereketler edip, gelen öýüne goşulyp gitmegiň ýerine, her hili bahanalar gözleýär. Bu ýagdaýda şol maşgalada agzalalyk döräp, täze gurlan maşgala ýa-ha özbaşdak çykmaly bolýar, ýa-da dargamaly bolýar. Çünki gyzyň enesinden ýetýän talaplar gyzynyň gelin bolup baran ýerine garylyp gitmegine päsgelçilik döredýär. Şonuň üçin ýaş maşgalalaryň, ýaş gyzlaryň arasynda öwüt-ündew, terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň yzygider geçirilmegine köp zat bagly.

— Gyz maşgala el işlerini öwretmegiň, olary gadymy hünärlerimize ýykgyn etdirmegiň hem terbiýeleýjilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki el işleri gyz-gelinlerde sabyr-takady, kanagatlylygy, arassa-ahlaklylygy, sylag-hormatlylygy terbiýeleýär. Munuň netijeli häsiýeti durmuşda görlüp gelinýär. El işlerine werziş gelinler badyhowalykdan saklanýar. Çünki olarda takatlylyk endigi has berk bolýar. Şonuň üçin gyzlar maşgala guranlarynda hem duş gelýän ýagdaýlardan aňsat baş çykarýar. Bu hem, esasan, enä baglydyr. Ene gyzyndan talap edip öwretse, ol gelin bolanynda baran ýerindäki talaby özüne tanyş manyda kabul edýär. Bu agzybirligiň esasy görkezijisidir — diýip, Arazbibi Kulyýewa gürrüňleriň üstüni ýetirdi.

Zenanlar söhbetdeşligiň dowamynda köp çagaly maşgalalardaky ýagdaýlar, ýeňňe bilen baldyzyň arasyndaky gatnaşyklarda gaýyn enäniň orny barada hem özara pikir alyşdylar, durmuşy mysallara salgylanyp gürrüň etdiler. Umuman, gaýyn-gelin gatnaşygynda garaşykly, geçirimli, sylaşykly bolmagyň durmuşyň ähli çarkandagyny ýeňip geçmekde, maşgalanyň bitewüligini saklamakda, nesil dowamatynda görüm-göreldäniň, terbiýäniň gymmatyny artdyrmakda uly ähmiýetlidigi baradaky pikir öňe sürüldi. Şu mowzukda hemişe söhbetdeşlikleriň, duşuşyklaryň geçirilmeginiň ýa-da bolmasa, toý-märekelerde gyzykly gürrüňler etmegiň maşgala gatnaşyklarynda uly orun eýeläp, onuň binýadynyň has berkemegine itergi bolýandygy nygtalyp geçildi. Maşgala bagtyýarlygynyň ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler barada aýdylyp, şol aladalara hemişe mynasyp iş bilen jogap bermäge çalyşmakda bir-birege üstünlik arzuw edildi.

 

Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Allanur SAPAROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm