2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mizemez dostluk

Gadymýetden gözbaş alyp gaýdandyr
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.
Sazy, sözi bile ýazlan aýdymdyr
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

Nowaýy, Pyragy — şahyrymyz bir,
Şirin-Perhat, Zöhre-Tahyrymyz bir.
Mähir bile joşup duran deňizdir
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

Bile geçiripdik agyr günleri,
Bile geçiripdik ýowuz tünleri,
Bu gün ýyladyp dur päk göwünleri
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

Ýaňlananda Çuwal bagşyň aýdymy,
Ýaňlananda Kamiljanyň aýdymy —
Gökde goşa ganatyny ýaýdygy,
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

Aşgabat hem Daşkent — doganlyk şäher,
Üstüne nur paýlar her saba-säher.
Güýzüň gujagyna dolanan bahar —
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

Aşgabatda «Daşkent» seýilgähinde,
Daşkentde «Aşgabat» seýilgähinde —
Joşa gelýär döwrüň belent ruhunda
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

Bu gün toý,
Öwüsýän ýeller mylaýym,
Mähirli gysylýan eller mylaýym.
Alyslara uzap gitsin ylaýym
Türkmen, özbek halklarynyň dostlugy.

 

Aýyt GURBANOW

''Türkmenistan'' gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm